SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AÇM

AÇMAK, 1. Bir zadyň gapagyny, agyzýapysyny aýyrmak, agzyny açyk goýmak. Gapyny açmak. Çäýnegiň gapagyny açmak.

2. Äşgär etmek, melim etmek, ýüze çykarmak. Eý, geçmişiň gara hatly kanuny Açýan seniň gizlin syryň paş edip (N. Pomma, Saýlanan eserler).

3. ýygnagy, mejlisi we ş. m. açyk hasap etmek, başlamak. Ýygnagy açmak.

<> Agyz açmak — ser. Agyz. Aňk edip agzymy açdy-da gitdi («Tokmak» žurnaly).

Arany açmak — ser. Ara. Emma Jepbar hem ondan bir eýýäm arany açypdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ol bizden arany açyp gitdi.

Göwün  açmak — ser. G ö w ü n. Şol bagda seýil edip göwnüm açýaryn («Sowet edebiýaty» žurnaly). Gez açmak — ser. Gez.

Guduz açmak — ser. Guduz.

Gürrüň  açmak—ser. G ü r r u ň. Ikisiniň açan gürrüňi gyzyk, Bir-birniňke düşmez, haýsynda ýazyk. («Oktýabrь ýalky-my») .

Ot açmak — ser. O t II.

Pis  açmak —ser. Pi s.

Pis açan ýaly — ser. P i s. Onuň endamy pis açan ýalydy.