SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AHL

AHLAK [ahla:k], Moral, wyždan, düýgy, edep, tertip.

Şunuň ýaly ahlagy bozuk adam terbiýeçilik işini alyp bararmy? («Tokmak» žurnaly).


AHLAKSYZ [ahla:ksyz], Wyždansyz, edepsiz, bitertip. Ol hem ahlaksyz adam däl ahyry!


AHLAKSYZLYK [ahla:ksyzlyk], Wyždansyzlyk, edepsizlik, tertipsizlik. Ahlaksyzlyk etmek gowy däldir.


AHLAKY [ahla:ky], Adamyň içki, ruhy durmuşyna degişli bolan. Ahlaky terbiýe.


AHLAMAK [a:hlamak], Ah çekmek, nala çekmek.