SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AHM

AHMAL [ahma:l], Mümkin, bolsa bolar, osal.

* Ahmal bolmak — ätiýajy elden bermek. Her ädimde bermen aman, Ahmal bolsaň ýegsan etjek (N. Pomma, Saýlanan eserler).


AHMALLYK [ahma:llyk], Bolmagy mümkinlik, bolup biljeklik, osallyk.


AHMYR, ser. Arman.


AHMYRLY, ser. Armanly. Ahmyrly ölümiň kime geregi bar? («Görogly» eposy). Indi, halypa, duýmadym, ahmyrly boldum diýme, najadyňy görüber! (A. Durdyew, Saýlanan eserler).