SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AHY

AHYZAR [a:hyza:r], kön. s. Ahy-nala, dady-perýat, gaýgy-gam. Ahyzar eýleme geler Görogly («Görogly» eposy).


AHY-NALA [a:hy-na:la], Dady-perýat, zeýrenç, gaýgy-gam. Ýaşadyp gowgaly ahy-nalada, Mekanmyz bolupdy hatap galada (N. Pomma, Saýlanan eserler).


AHYR [a:hyr] I, 1. Tamam, yz, bir zadyň gutarýan ýeri, iň soňy.

Käbir goşma atlaryň birinji sözüniň ahyry çekimli ses bilen gutarýar.

2. Kömekçi söz rolunda: Işiň ahyrynda sataşmagy wadalaşdyk.


AHYR [a:hyr] II, Mallaryň öňüne ot, tirt we ş. m. dökmek üçin laýdan edilen kiçijik aýmança.


AHYRET [a:hyret], dini. Kyýamat, ol dünýä. Ahyretde hemra bolsun imaniň, Jan jesetden jyda düşen günlerim («Görogly» eposy).


AHYRZAMAN [a:hyrzama:n], Köne düşünjä görä: dünýäniň soňy, ahyry.

Gitler üçin geldi çyn ahyrzaman, It ýatagna dönüp barmaz sag-aman (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). Tä kyýamat ahyrzaman bolýança adyň ýitmesin («Görogly» eposy).


AHYRKY [a:hyrky], Soňky, yzky, iň soňky. Ahyrky sapagymyz sagat üçüň ýarynda gutarýar.


AHYRSOŇY [a:hyrsoňy], Iň soňy, iň ahyry. Ahyrsoňy dawa hemişeki bolşy ýaly gutardy (M. Gorьkiý, Eserler).


AHYRYN [a:hyry:n], Täsirliligi güýçlendirmek üçin ulanylýan ownuk söz. Men jedelleşmedim ahyryn. Dogry ahyryn.