GÄD

GÄDIK, 1. Haýat we ş. m. ýaly ýerlerde  adam geçer ýaly gädilen ýer, geçelge. Ol gädikden geçip, köçe baka gitmän, köne gorpa baka gaçdy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

Gelin bolmasak-da, gädikden garapdyk (nakyl).

2. Erňegi, gyrasy döwuk, ýemrik. Stiopka eline gädik çemçesini alyp, tüssäniň içinde gazanyň gapdalynda öz ornuna geçdi (A. P. Çehow, Saýlanan eserler).


GÄDILMEK, 1. Haýatyň we ş. m. bir ýeri ýykylmak.

2. Gyrasy, erňegi döwülmek, uçmak. Çemçäniň gyrasy gädilipdir.


GÄDIŞDIRMEK,  1.  Gädik-gädik edip çykmak,her ýerinden ýykmak. Ahyr soňundan hem olary gädişdiripdirler  (SSSR taryhy).  

2. Köp zadyň  gyrasynyň erňegini döwüp çykmak, bir zadyň gyrasyny gädik- gädik edip çykmak, gemrik-gemrik etmek.