SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GÄM

GÄMI,   Adam   we   ýük daşamak   üçin ulanylýan suw transporty.Derýaniň ýüzünde ýelkenli gemiler ýüzýär.(B. kerbabaew, Aýgytly ädim). Samoliot asmanda gämi dek ýüzýär, Ýagmyryň hyýaly gör nirde gezýär   («Sowet edebiýaty» žurnaly).

GÄMIK, Ekilen tohumdan   ýaňy gögerip çykan ekin. (gawun, garpyz ýaly ekinlerde ). Ondan soň, ol gämikleriň depesinden çekilýän ýaly hüjüm  edip galşyndan, jigisine gürrüň berdi  (B. kerbabaew, Aýgytly adim).

GÄMIKLEMEK, 1. Gögerip çykmak, gämik bolup çykmak. Eýýäm gowaça gämikläpdir («Kolhoz günler).

2. Bir ýa bir näçe tohum taşlap, aýry-aýry edip ekmek. Daýhan öz ekinine eýelik etdi, joýa gazdy, gawun gämikledi, künji ekdi (Ь. kerbabaew, Aýgytly ädim).

GÄMIÇI, Gämi sürýän, gämi ýöredýän adam. „Gämiçiniň jany bir» diýleni dogry söz («Sowet edebiýat žurnaly).