SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IÝD

IÝDIRIP-IÇIRMEK, 1. Eklemek-saklamak. 0l oglany öz ogly hasaplap, iýdirip-içirip öz öýünde saklaberipdir. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).

2. Birine hormat edip nahar bermek. Myhmanlary iýdirip-içirenlerinden soň ugratdylar.


IÝDIRMEK, 1. Nahar bermek, naharlamak. Üç ýaşly ogly çagasyny  ne oňly iýdirip bilýärdi, ne-de geýdirip bilýärdi.(«Sowet Turkmenistanynyň  aýallary žurnaly).

Açlyk näme iýdirmez, dokluk näme diýdirmez (nakyl).

2. Dänäni, miwäni we ş. m. mal-gara, mör-möjege, guş-gumra şam etmek, aldyrmak,   zaýalatmak. Aý näbileýiň ony hem syçana iýdiräýdiňmikäň öýtdüm. (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Jik-jiki tikenli ýandaga gaharlanyp: — Seni geçi agama iýdirmesem bolmaz — diýip, uçup gidipdir («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»).

3. Göwse,  elne süýt inmek, süýt gelmek, süýt gelip başlamak. Aýna iýdiren düýäniň her emjegini üç-dört gezek güžžüldetdi-de, köşegini goýberdi. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Sygyr iýdiren badyna, göläniň nogtasyndan çekip aýyrdy (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).

4. Hakyňy gidermek, almaly puluňy hasaplap doly alman gidermek, hakyndan artyk zat bermek.