SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IÝE


IÝEGEN, Köp iýýäň horan, iýermen.


IÝERLIK, Iýer ýaly zat, iýmek üçin taýýarlanan zat. Ynha erte-birigün mülk harmanymyzy alarys, iýerlik däne şondan galar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


IÝERMEN, 1. ser. Iýegen. 2. gepl d. Özi we öz hojalygy üçin alyp-ýolup barýaň bol-telki iýmegi halaýan, ýolujy Iýermen adam.


IÝERMENLIK, Köp iýegenlik, horanlyk. Gäwüşgözel diýseň, Gäwüşgözel diýşip, onuň iýermenligine içlerini çekişip geň görýärdiler (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


IÝEROGLIF, Ideogramma meňzedilip ýazylýan Müsür we Hytaý ýazuwy.


IÝEROGLIFIK, Iýeroglifler arkaly aňladylýan bildirilýän. Iýeroglifik hat.