SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IÝM

IÝM, Mala we ş. m   berilýän  ot, arpa we ş.m. iýmit. Kolhozda 100 tonna golaý kontsentrirlenen iýim taýýar edildi, Goşawujyny iýmden dolduryp, daşaryk çykdy   (A. Durdyew,  Saýlanan eserler).


IÝMEK, 1. Iýmit kabul etmek, iýmitlenmek, naharlanmak  Okuwçynyň mekdepden geleninde, iýmäge we dynç almaga mümkinligi bolmalydyr (I. T. Ogorodinkow P N   Şimbirew, Pedagogika). Mep deňiz suwuna ýugrulan çöregi iýdim («Sowet Türkmenistaniň» gazeti) . Berseler ieýrsiň ýagly. kömeji (nakyl) . Iýip doýmadyk ýalap doýmaz (nakyl).

2. Köp ulanmak, könelmek zerarly ýonup inçeltmek.

3. Biriniň zadyny, hakyny bikanun almak.

<>Gamçy (taýak, ýumruk)iýmek— ser. G a m ç y.  Şol meselede Halnazardan bir-iki gezek gamçy hem iýipdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Gamyny iýmek— bir zat barada öňünden taýýarlyk görmek, öňünden alada etmek. Gyş azygyň gamyny iýdik («Mydam taýýar» gazeti). Tursun gardaşlaryň jandan söýenler, Tursun çagalarnyň gamyn iýenler («Oktýabrь ýalkymy») .

Bir tabakdan nahar iýmek — bir ýerde ýaşaşmak, bile bolmak.


IÝMEK-IÇMEK, 1. Nahar edinmek, naharlanmak. Iýimek-içmek, gülüşmek-oýnaşmak, şahandazlyk etmek bolsa siziň öz ygtyýaryňyzda (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Bu zaňňaryň iýip-içip, turşusy depesine çykypdyr («Görogly» eposy). Siziň saz-söhbet, iýmek-içmek ýadyňyza düşýär («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»). 2. Iýilýän iýmit, nahar. Ony bir päkize jaýa saldylar iýmek-içmek berdiler (A. Gowşudow, Mähri — Wepa). Iýmek-içmekden geýimden kem zady ýok («Sowet edebiýaty» žurnaly).


IÝMIT, 1. Iýmek üçin öndürilen önüm, azyk, nahar. Bagda çagalara iýmitler wagtly-wagtynda berilýär («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Onuň jaýy, ýorgan-düşegi, gap-gajy, ýeterlik. iýmiti hem bar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Kolhozň iýmiti gyt bolmasa-da, Aýsoltan Laçynyň iýmine ýumurtga garyp bermegi haýyş edýärdi. Öý işi diýýäniň çaý-çörek, iýimit häzerlemek dälmi? (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

2. Organizm üçin gerek bolan her hili ýokumly maddalar, dökün. Bejergisi gowy ýetse, suwdaň iýmitden horlanmasa, her düýp gowaçamyz bir goýnuň ýüňüçe pagta berer (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


IÝMITLENDIRMEK, 1- Gerek bolan iýmitleri iýdirmek, iýmit bermek, naharlamak. Çagany nädogry iýimitlendirmegiň zyýany uludyr (S. 0. Duliňkiý, Rahit).

2- Ekini, ösümligi we ş. m. ders bilen mineral dökünler bilen dökünlemek, dökün dökmek. Bagyşlaň, biziň bir näçelerimiz siziň ýerleriňizi tebigatyň özi iýmitlendirýär — diýip düşünýäris (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkyşy).


IÝMITLENMEK, 1- Iýmit kabul etmek, iýmek..

2.Organizme gerek bolan her hili ýokumly maddalary kabul etmek (ösümlikler hakda). Agajyň ösýändiginiň sebebi onuň toprakdan we howadan alýan maddalary bilen iýmitlenýändigindendir (S. N. Winogradow, A.F.Kozmin, Logika).


IÝMITLIK, Iýmit bolar ýaly, iýmit üçin hyzmat edyän. Mekgejöweniň çala bişen başlaryny ýygyp almagyň , onuň iýmitlik hilini kemeltmeýändigini ylmy barlak tassyk. etdi («Sowet Türkmenistany» gazeti).


IÝMIŞ, Hasyl berýän agajyň, ösümligiň iýilýän ,miwes.- Lezzet alýardylar gözel durmuşdan Gawundaň ,üzümden, dürli iýmişden (B. Kerbabaew, Aýlar). Bir ýerde erik ,injir, ýene dürli iýmiş bar (A, Kekilow, saylanan eserler). Bu durmuşda duşmanlar uzadaýsa burnuny Iyjek bolsa iýmişden ýyrtyşdyrarys ernini (H..Pomma. Saýlanan eserler).

Agaç iýmişinden belli,Adam- kylmyşyndan (nakyl).


IÝMLEMEK, Ot-iým bermek, iým iýdirmek, naharlamak.Uzakdan örülerde dowarlary iýmlemegiň şertlerini gowulandyryp, ölüm-ýitimsiz saklanylmagyny gazanarys («Sowet Türkmenistany» gazeti).


IÝMLENMEK, Ot-iým berilmek, iým iýdirilmek, naharlanmak. Guşlaryň oňat iýmlenmegini üpjün etmeli («Sowet Türkmenistany» gazeti).


IÝMLI, Iýim berlen, naharlanan. Uly kalibrli pulemýotlaryň sesi iýmli torbany gören ýabynyň hokranyşy ýaly bolup, gapdalda bir ýerden eşidilýärdi (H. Ysmaýylow, Powestler).


IÝMLIK, Iým üçin taýýarlanan ýa-da bölünip goýlan önüm (ot, silos, däne we ş. m. hakda). Iýimlik arpa, künjara ýaly zatlar salynýan sklad, töweregine inedördül edilip ot basylan agyl edil otluçöp gutulary ýaly bolup görünýär («Kolhoz günleri»). Ýakynda atyp taýýarlan gyzylyňyz bar bolsa, bar atlara iýmlik getir! (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Iýimlik ölçegler boýunça çala bişen mekgejöweniň siloslanan başlary bişen mekgejewöne barabardyr («Sowet Türkmenistany» gazeti).


IÝMÇI, Iým iýýäň iým iýmegi öwrenen. Iýmçi mallar iým wagty bolanda, gapa gelýärler. Iýmçi tokly.