SÖZLÜG ; J- HARPY;
JIG

JIGER   I, kön s ser. B a g y r I. Senem  jan aglaryn, Jigerim oda daglaryn («Türkmen halk şhyrana döredijiligi»). Ýalňyz balam, jiger para ýetim galar öýdýän  («Sowet edebiýaty» žurnaly).


JIGER II, bot   Ýaşajyk kerkaw.


JIGERBENT, Eziz görülýän, jan-ten bilen söýülýän (çaga hakda). Gülnar jigerbendim., ýekäm-ýalňzym (R. Seýidow, Bagtlylar). Jigerbendim, umydyň Teselli berýän göwne (B. Kerbabaew, Eserler toplumy).


JIGI, I. Özüňden ýaşy kiçi bolan erkek ýa-da ayaldogan. Ol jigilerine ýaz günlerinde nämeleriň bolýandygy hakynda ekabyrlyk bilen gürrüň berip başlady («Sowet edebiýaty»    žurnaly).   Ejem  çörek bişirip bolýança, men jigim bilen oýnaşdym.

2. Özüňden ýaşy kiçä ýüz tutulyp aýdylýan  söz. Jeren, jigi, dur! — diýip, ýabysyndan düşdi  (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Bir okuň-a biderek gidendir, jigi (J. Akyew, Mergeniň ogly).


JIGIRDEK I, Pes hilli ownuk igde, guşigde.


JIGIRDEK II, Goýnuň guýrugy ýa-da malyň ýagy gowrulandan soň eremän galýan gowurdak, ýag gowurdagy, jyzzyk. Içine jigardek salnyp bişirilen çörek.


JIGIT, Rewolýutsiýadan ozal: atly goşun nökeri, atly goşunda gulluk edýän esger. Sowet Gyzyl gwardiýa otrýadyny düzse, Eziz öz töweregine jigt toplap başlady (B Kerbabaew, Aýgytly ädim) Onuň jigitleri, meýdanyň bir çetinde durdular (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


JIGITBAŞY, kön s Jigitleriň ýolbaşçysy. Jigitbaşy Nobada habar gatdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


JIGITLIK, Jigidiň käri, nökerlik Bu haramza-da şol jahyl wagty jigitlikde gulluk. edýärkä hem, biziň atlara geýdirýän arpalarymyzy ogurlardy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


JIGLEMEK , ýürek jiglemek — ser ýürek I.