SÖZLÜG ; J- HARPY;
JIK

JIKGE, Çukurjykly ýüzi, tükgäniň tersi (aşyk hakda). Jikge ýatan aşyk.


JIKGERIŞMEK, Bilelikde jikgermek, biri-biriňe herrelip seretmek. biri-biriňe herrelişmek, haýbat atyşmak.


JIKGERMEK, Birine herrelip, gaharly seretmek, haýbat atmak.


JIKGILDEMEK, 1. Jikgildili ses çykarmak, jik-jik edip seslenmek, jirkildemek (guş hakda) 2. göç. m Köpbilmişlik satmak, sokjarylyp öwünmek.


JIKGILDEŞMEK, 1. Bir näçe bolup jikgildemek, bir topar bolup saýramak, jirkildeşmek (guş hakda).

2. göç m Biri-biriňe köpbilmişlik satmak, sokjarylyp öwnüşmek.


JIKGILDI, Serçe, jikjiki ýaly guşuň saýraýan sesi. Daşarda serçeleriň jikgildisi eşidilýärdi.


JIKJERIŞMEK, Biri-biriňe jikjermek, herrelişmek.


JIKJERMEK, Ýoknasyzlyk etmek, sokuljyramak.


JIKJIKI, zool. Serçeler otrýadyndan bolan kiçijik guşjagaz Jikjikiler çir-çir edip böküşýärdiler (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Jikjikiler seslenip, Mal-garalar gerindi (A. Kowusow, Goşgular we poemalar).


JIKME-JIK [ji:kme:jik] , Birin-birin, ýekän-ýekän, çintgeläp, anyk, doly. Duşmanyň ähli ýagdaýny jikme-jik bilmegimiz zerur (B. Kerbabaew, Aýgyt ädim). Maňa ol hakda jikme-jik   gürrüň beripdi .(N Pomma, Taýlak hyzzyn).


JIKME-JIKLIK [ji:kme-ji:klik] , Bir zadyň ähli bolşy, doly suratda anyklyk, doly derejede barlyk.