SÖZLÜG ; J- HARPY;
JIN

JINDE, Köne-küşül geýim, köne eşik. Egnine jinde geýdirdi («Görogly» eposy). Garyp daýhan zardy nana, Geýen jindesi sal-saldy (Çary Aşyr, Poemalar).


JINNEK, 1. Ujypsyz ownuk zat, sähelçe zat. Dört ýyl içinde hak diýip, Halnazardan bir jinnek hem almandy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ol bir jinnek üçin jan berýän adam bolupdyr (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

2. ser. Jinnekçi. Gully jinnekden galan mülkde garrap töňňe bolup galan kel-kör üzüm, bir näçe düýp erik, garran şetdaly, tut agaçlary somalyşyp otyrdylar (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


JINNEKÇI, Biderek zatlara uly ähmiýet berýän adam, ownukçyl.