LÄB |
LÄBIK, Bulamak ýaly suwuk palçyk, laýly suw. Örän bulanyk suw, lüýk.Gumy lebik edip sorup alýar-da turba bilen uzak ýerlere dökýär («Sowet Türkmenistan aýallary» žurnaly). Kem-kemden galkyjyklaýan läbik mele suw nobury dolabara edip çaýkanyp ýatyrdy.(B:Kerbabaew, Aýgytly ädim). LÄGIRIŞMEK, 1. Bilelikde lägirmek, köp bolup lägirmek. Owlaklar lägirişýärler. 2.Gorkup aýylganç ses bilen gygyryşmak (adam hakynda). LÄGIRMEK, 1. Gaty ses bilen uzyn-uzyn çekip mälemek (owlak-guzy hakynda). 2. Aglap gaty gygyrmak , gorkyňa gaty ses bilen gygyrmak (adam da). Duran ýerinde agzyny hatap ýaly açyp: Wä-ä, wä-ä diýip lägirdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler). LÄGIRTMEK, 1. Lägirmäge mejbur etmek, gaty ses bilen mäletmek (geçi, owlak hakynda). Owlagy lägirt-da. 2. Gorkuzyp aýylganç ses bilen gygyrtmak (adam şynda). Oglanjygy lägirtmek. |