SÖZLÜG ,, L- HARPY;

LÄB

LÄL

LÄŞ


LÄŞ, Jansyz göwre, maslyk. Gylyç mergen uran keýiginiň läşini göterip gelerdi (A. Gowşudow, Eserler).

<> Läş bolmak — ölmek. Topragynda läş bolup, guma garyldy duşman, Geçirdiň ganymlary naýzadan, çişden Watan (A. Kekilow, Saýlanan eserler).


LÄŞEKI, Güýzlük terne.


LÄŞERILMEK, ser. Läşermek. Leşerilip ýatmak.


LÄŞERIŞMEK, Köp bolup läşerip ýatmak, bilelikde läşerip ýatmak. Läşerişip ýatan mal-garalar az däldi.


LÄŞERMEK, 1. Öli ýaly ýatmak, çäşerip ýatmak, gölermek.

2. Serrelip ýatmak, düňderilişip ýatmak. Gök biýarada boýy ýeten gawunlar läşerip ýatyrdylar.


LÄŞERTMEK, Läşermäge mejbur etmek, çäşertmek, serreltmek.