NYG | ||
|
NYGMA, Owazly aýdym, heň. Sazyň zaryn nygmalary Halnazaryň, ýüzlerinde ýagty döretdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).
NYGMAT, 1. Iýmit. Nahar stolunyň üstünde ýagly nahar we boşga dürli nygmatlar üýşüp durýardy (A. Gowşudow, Eserler). 2. göç. m Tagam. lezzet. Dadyp şirin nygmatyn, Täze durmuşmyzyň boluny gözlär.(Mollamurt, Saýlanan eserler).
NYGTALMAK, Aýratyn bellenmek, aýratyn bellenip geçilmek.
NYGTAMAK, Bir zady aýratyn bellemek, aýratyn geçmek. Kemine gaýtalamany öz pikirini has pugta nygtamak üçin peýdalanýar («Edebiýat»). W. I. Linin biziň Kommunistik partiýamyzyň döremeginde we ösmeginde onuň üstünlikli gereşinde marksizm teoriýasynyň ägirt uly ähmiýetini nygtap görkezdi(Sowet Türkmenistany» gazeti). |