SÖZLÜG ,,, N-HARPY;

NYG

NYZ

NYK

NYŞ

NYÝ


NYŞAN [nyşa.n], 1. Bir ýagdaýy ýa-da bir zady bildirýän alamat, bellik. Onuň ädim edişinden we beýleki nyşanlaryndan çen tutup, onuň kyrk bilen elli ýaşyň arasyndaky adamdygyny aýtmak bolar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Trahomanyň ilki başlangyç nyşanlary anyk edilende, oňa trahomanyň birinji döwri diýip at berilýär (S. K. Karanow, Trahoma we oňa garşy göreş).

2. kön. s. Döşe dakylýan ýüzi suratly tegelejik ýa-da plastinka görnüşli metal belgi — orden, medalь, znaçok. Döşünde uruş günlerinde zähmet frontunda işlänligi üçin sylaglanan nyşan ýalpyldaýardy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). GTO nyşanynyň normalaryny tabşyryp başlady («Pioner» žurnaly).


NYŞANA, [nyşa:na], 1. Okuw, öwrenmeklik, ýaryş maksady bilen atyş predmeti. Ol toýda mergençilik atyşyna gatnaşyp, bir näçe sapar nyşanany urup, pul hem içine paý düwlen ýaglyk baýraklary alypdy (A. Gowşudow. Köpetdagyň eteginde).

2. ser. N y ş a n.

3. göç. m. Daş keşbi, görnüş, sypat, boluş. Onuň nyşanasy üýtgäpdir.

<> Nyşana almak — 1) nyşanalamak, çenemek. Annak oňly nyşana alyp bilmedi (B. Kerbabaew, Aýsoltan); 2) göz astyna almak.


NYŞANALAMAK, [nyşa:nalamak], Nyşana dogrulamak, nyşana tarap çenemek, nyşana almak. Nyşanalap duşmanyň çat maňlaýyndan urýar (Ata Salyh, Saýlanan eserler).


NYŞANALANMAK, [nyşagnalanmak], Nyşana dogrulanmak, nyşana tarap çenelmek, nyşana alynmak.