SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OLB

OLD

OLE

OLJ

OLI

OLT

OLU


OLIGARH, 1. Oligarhiýanyň çleni 2. Monopolistik kapitalyň wekili, imperialist.

OLIGARHIÝA, 1. Gadymy wagtlarda we orta asyrlarda: aristokratlaryň ýokary gatlaklarynyň agalyk etmekligine esaslanan döwlet.

2. Iri monopolistik kapitalyň wekilleriniň we imperialistleriň uly bolmadyk toparynyň syýasy we ykdysady agalygy.


OLIMPIADA, 1. Gadymy Gretsiýada: olipmiýa oýunlarynyň her dört ýyldan bir gezek geçirilýän baýramçylyk ýyly.

2. Olimpiýa oýunlarynyň dört ýyldan bir , geçirilýän  sport  ýaryşy. Mekdep  olimpiadasyny geçirmeklik hem planaşdyryldy («.Mydam taýýar» gazeti).


OLIF, Ýagly reňk öndürmek üçin gaýnadylan kenep ýa-da kendir ýagy, elip ýagy.