SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OLB

OLD

OLE

OLJ

OLI

OLT

OLU


OLTAŇ, Aýakgabyň aşagyna ýamalýan gön, teletin ýama. Belorus ussasynyň çatan oltaňy, Polşaň gyşyn ýeňip, Odere ýetdi (N. Pomma, Saýlanan eserler).


OLTARMAK, 1. Aýakgabyň aşagyna oltaň salmak, oltaň goýup ýamamak. Çokaý oltarmak.

2. göç. m. Öz ýanyndan pikirlenmek, oýlanmak, toslamak. Ol şulary oltaryp gelşine oba sowetiniň jaýyna ýetenini hem bilmedi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Kassio bilen Dezdemona gezýär—diýip, şony hem oltaryp tapan senmidiň? (Şekspir, Otello).


OLTARTMAK. Aýakgabyň aşagyna oltaň saldyrmak, oltaň goýdryp ýamatmak. Çaryk oltartmak Aşagy deşik çokaiý oltartmak.