SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OLB

OLD

OLE

OLJ

OLI

OLT

OLU


OLJA, 1. Duşmandan üstün çykylanda alynýan zatlar, ok-däri we ş. M. Duşmandan köp oljalar alyndy («Sowet Türkmenistany» gazeti). Garakçylar köp olja bilen dolanyp gelipdirler (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).

2. göç. M. Aňsatlyk bilen ele salynýan zat, gazanç, düşewünt. Bize olja her gün tapylar

(«Gö rogly» eposy).

<> Oljasy oňmak — bir zady ele amatly düşürmek, şowly ele salmak. Onuň aýdym sesini eşidinler — Sary körüň oljasy oňupdyr-ow! — diýşerdiler (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar) .


OLJALAMAK, Duşmany ýeňip, zadyny olja almak, ele almak, ele düşürmek. Özümizi we hemme mal-emlägimizi oljalap alyp, öz ýurtlaryna baka sürüp ugradylar (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar). Çozmak gerek, oljalaýak gerek — diýip, daş-içde bir çalyň garyljyk sesi eşidilýärdi (B Kerbabaew, Aýgytly ädim).