SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OPA

OPE

OPI

OPM

OPO

OPP

OPR

OPT

OPU


OPERA, I. Simfonik sazy wokal bilen utgaşdyrylan we sahnada oýnamak üçin döredilen sazly-drama eseri. «Şasenem—Garyp» operasyndan ariýalar ýerine ýetirilýärdi (A. Badaew, Çopanlar). Sonam, diýýän-ä, heý, biz hakda bir opera ýa balet ýazýarlarmyka?! («Tokmak» žurnaly).

2. Şeýle eserler goýulýan teatr. Wepa hem şol gün opera bilet alypdy (A. Gowşudow, Eserler).


OPERATIW I, 1. Bir işi gös-göni praktiki amala aşyrýan. Operatiw oçerkleriň emele gelmeginde gazetleriň oýnamaly roly uly («Sowet edebiýaty» žurkaly).

2. Işi çalt we öz wagtynda düzedýän ýa-da ýerine ýetirmäge ukyply bolan. Operatiw işgär.


OPERATIW II, med. Operatsiýa etmek bilen bejerilýän. Öýkeniň rak keselini operatiw bejermeklik hem ýagşy netijeler berýär.


OPERATIW III, harby. Bir maksat bilen edilýän, harby herekete degişli bolan.


OPERATIWLIK, Bir işi çalt, dogry, ýokary hilli edip ýerine ýetirijilik. Işde operatiwlik gerek. Operatiwlik görkezmek.


OPERA'TOR, 1. med. Operatsiýa ediji wraç, hirurg. Önümçilik protsesini amala aşyryjy. Operator elektrik togunyň ýagdaýyny barlady («Sowet Türkmenistany» gazeti).

OPERATSION, Operatsiýa degişli bolan, operatsiýa geirilýän. Ortadaky gapy operatsion kabinete gidýär (I. Muhtarow, G. Seýitliew, Çopan ogly).

OPERATSIÝA I, med. Kesip bejermek arkaly berilen meditsina kömegi. Jamal bolsa operatsiýa gurallaryny gaýnap duran suwa salyp, Merýeme kömek bermäge gelipdi (B. Gurbanow, Duşuşyk).

OPERATSÝA II, 1. harby. Bir maksat bilen geçirilen harby hereketler. Ol sowet operatsiýalarynyň planyny işläp taýýarlaýar («Mydam taýýar» gazeti).

2. Geçirilýän her hili maksatly hereketler. Wladiwostok diňe bir   eksport—import operatsiýalaryny ýerine ýetirmek bilen çäklenmeýär («SSSR-in ykdysady geografiýasy»).