SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OPA

OPE

OPI

OPM

OPO

OPP

OPR

OPT

OPU


OPPERE'TTA, teatr. Aýdym, tans we gepleşik bilen gelýän komiki häsiýetli  sazly drama  eseri.


OPPOZITSION, Oppozitsiýa degişli bolan, oppozitsiýa esaslanýan.


OPPOZITSIONER, Oppozitsiýanyň tarapdary, oňa gatnaşan.


OPPOZI'TSIÝA, 1. Özleriniň garaýyşlaryny ýa-da syýasatlaryny beýleki garaýyşlara ýa-da syýasatlara garşy goýuş, garşylykly hereket.

2. Bir guramanyň jemgyýetiň içinde köpçülige garşy syýasat ýöredýän adamlar, topar.


OPPONE'NT, Biriniň işini opponirleýän, ol hakda tankydy pikiri köplenç resmi suratda bildirýän adam.


OPPONIRLEMEK, Diskussiýada, jedelde, dissertatsiýa goralanda opponent hökmünde çykyş etmek, biriniň opponenti bolmak.


OPPORTUNI'ZM, Işçiler hereketinde we proletar partiýalarynyň içinde marksizme—leninizme duşmançylykly bolan, proletariatyň synpy bähbitlerini buržuaziýanyň bähbitlerine tabyn edýän, buržuaziýa bilen ylalaşmagy, hyzmatdaşlygy hem-de göreşiň rewolýutsion serişdelerinden ýüz döndermegi wagyz edýän akym.


OPPORTUNI'ST, Opportunizmiň tarapdary, opportunistlerçe hereket edýän adam. Opportunistlere—halkyň duşmanlaryna garşy göreşde partiýanyň ustawy we programmasy kabul edildi («Pioner» žurnaly).


OPPORTUNISTIK, Opportunizm meýilli bolan, opportunizme esaslanan. German sotsial-demokratiýasynda opportunistik akymlar ençeme gezek ýüze çykyp gelipdiler we her gezegande rewolýutsion halkara sotsial-demokratiýasynyň wesýetlerini wepaly saklap gelýen partiýa tarapyndan ret edilýärdi (W. I. Lenin, Eserler).