SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OPA

OPE

OPI

OPM

OPO

OPP

OPR

OPT

OPU


OPTA'NT, ýur. Başga döwletiň graždanlygyna geçmä-ge ygtyýarly adam.


OPTIK, 1. Optikadan spetsialist. 2. Optiki aýna we priborlar öndürmek bilen meşgullanýan ussa.


OPTIKA, 1. Fizikanyň ýagtylyk ýagdaýlaryny we häsiýetlerini öwrenýän balümi.

2. Şu bölüme degişli we gerekli abzallar.


OPTIKI, Optika degişli bolan, optika esaslanýan. Optiki derňew. Optiki abzal.


OPTIMI'ZM, filos. Adamyň ýagty geljege, üstünlige ynanýan şatlykly dünýä duýgusy, göwni giňlik.


OPTIMI'ST, Optimizme ýugrulan, geljege, üstünlnge ynanýan, şatlykly dünýägaraýyşly adam, göwni giň. Optimist Radişiýewiň progressiw ideýalary ýaşamagyny dowam etdirdi («Edebiýat»).


OPTIMISTIK, Optimizme esaslanan, optimizm meýilli, optimizme degişli. Şahyryň rewolýutsiýa döwründäki döredijiligi optimistik häsiýete eýedir («Häzirki zaman edebiýaty»).