SÖZLÜG ,, - HARPY;

ÖKD

ÖKJ

ÖKÜ


ÖKDE, Bir käriň, bir işiň, oýnuň we ş. m. tärini ele alan, gowy bilýän, ussat. Men rus diline onçakly ökde däldim («Mydam taýýar» gazeti). Ol ökde hünärli agronom bolup ýetişipdir (A. Gowşudow, Eserler). Ökde ökdäni görende, aýagy tibirdär (nakyl).

Alyp asgyn bolýannaň, berip ökde bol (nakyl).

<> Ö k d e gelmek — üstün çykmak, ýeňmek, Aýsoltanyň oňa susty ökde geldi (B. Kerbabaew, Aýsoltan).

<>Ökde tanamak — gowy tanamak, doly tanamak. Biz ony ökde tanaýarys («Tokmak» žurnaly).


ÖKDELEMEK, 1. Ökde bolmak, öz hünäriňi artdyrmak, käriň we ş. m. tärini ele almak, tejribäň artmak, bir zady gowy bilmek, ussat bolmak, türgenleşmek. Ol türkmen diline ökdeläpdir (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).

2. göç. m Güýjäp ugramak, üstün çykyp başlamak.


ÖKDELETMEK, Hünärini, tejribesini artdyrmak, türgen etmek, kärni we ş. m. tärini ele aldyrmak, bar zady gowy bildirmek, türgenletmek.


ÖKDELEŞMEK, Birneme ökdelemek, käriň we ş m. tärini ele almaga başlamak, bir zady gowy bilip başlamak, türgenleşmek.


ÖKDELIK, Ökde bolmaklyk, gowy bilijilik, türgenlik, ussatlyk (işe we ş. m.). Ballynyň elinden ökdelik bilen sypdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).