SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖKD

ÖKJ

ÖKÜ


ÖKJE, 1. Dabanyň yzky tarapy, dabanyň topukdan aşaky etlek, ýumşak bölegi. Meýlin meýle gatypdy, Deň gopýardy ökjeler («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2.Aýakgabyň yz tarapyny beýik etmek üçin podoşa berkidilýän galyň teletin ýa-da rezin bölekleri. Men ýaş wagtymda oňat eşikler we ökjesi beýik köwüşler geýip işe gidenimde, gabanyp öläýjek bolýardyň (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Meniň tuflimj ökjesi gyşarypdyr.

<> Ökje götermek — aýagaldygyňa gaçmak, ylgap gitmek. Gözgl öýlerine baka ökjäni göterdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

Ökje  ogurlamak—1) duýdurman gaçmak, görünmän gaçyp gitmek; 2) yza galyp başlamak, beýlekilerden haýal ýöräp başlamak. Wüşi kel ädim ätmegini haýalladyp, ökje ogurlamaga jan edýär (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

Ökjesi ýeňil — hiç bir hili aladasy bolmadyk, bir zadyň keýpine düşen, öz durmuşyndan göwni hoşal, keýpi saz.

Ökjesi ýeňlemek—1) çalt ýöremek; 2) şähdi açylmak, süňňi ýeňilemek, wagtyhoşluk. Onuň ökjesi ýeňledi.

Ökjesi ýere (degmezlik) ilmezlik — bir zada begenip şadyýan gezmeklik, çalasyn hereket etmeklik.

Ökjesine düşmek—yzyndan kowalamak, yzyndan syn edip barmak. Gyzyl esgerler olaryň ökjelerine düşdüler (Ata Salyh, Saýlanan eserler).