SÖZLÜG ,, - HARPY;

ÖKD

ÖKJ

ÖKÜ


ÖKÜZ, zool. Sygyrlar tohumyndan bolan erkek jynsly iri şahly öý haýwany.

Ýer gaty bolsa, öküz öküzden görer (nakyl).

Ýatan öküze iým ýok (nakyl).

Telbä araba döwülse odun, öküz ölse et (nakyl).


ÖKÜZGÖZ, astr. Ýarygijeler dogýan iki sany meňzeş ýyldyz.


ÖKÜZÇE, zool. Ikiýaşar öküz, iki ýaşyndaky ýaş öküz. Ynha, şu bize bakyp duran öküzçeleri görýärmiň, şular öten ýylky göledi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

<> Bazardan satylman gaýdan öküzçäniň ýüzi ýaly — ýüzi salyk, gaharly.


ÖKÜNDIRMEK,  Öz eden nädogry işi üçin ahmyr çekdirmek, puşman etdirmek. Şu eden işiň üçin seňa ökündirmesem bolmaz. Bolup geçen wakany ýadyna salyp ökündirmek.


ÖKÜNILMEK.    Nädogry edilen iş üçin puşman edilmek, ökünç edilmek.


ÖKÜNIŞMEK, Köp bolup ökünmek, bilelikde ökünmek, puşman edişmek.


ÖKÜNMEK, Öz eden nädogry işiň üçin ahmyr çekmek, gynanmak, puşman etmek, nebsiň agyrmak. Kelhan kelle gyzgynlyk edip, ýalňyş iş edenine ökündi(B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Görüş gyz, Altyn, soň näme üçin görüşmedimkäm diýip ökünersiň! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler). Özi eden ökünmez (nakyl).


ÖKÜNÇ, Nädogry edilen iş, hereket üçin bildirilýän gynanç, çekilýän ahmyr. Olar göýberen  ýalňyşlaryna ökünç bildirdiler.