SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖŇA

ÖŇB

ÖŇD

ÖŇI

ÖŇK

ÖŇL

ÖŇŇ

ÖŇR

ÖŇÜ


ÖŇBARAK, Atbaşçylaryň arasyndan bellenen pellehana iň ilki gelen öňatly. Öňbaragyň bir semiz toklusy bilen bir tümen puly bar—diýip, jar çekdirdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ÖŇBAŞÇY, 1. Öz yzy bilen alyp baryjy, bir işiň ilki başyny başlaýjy. Ol indi köp täzelikleriň öňbaşçysy bolup durýar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Bu dostlugyň öňbaşçysy, Batyr beýik rus halky («Sowet Turkmenistany» gazeti).

2. Bir hereketiň, akymyň ýolbaşçysy. Sowet halky özleriniň synaglar-dan geçen öňbaşçylarynyň — kommunistleriň ýolbaşçylygy astynda kommunizme tarap barýarlar.


ÖŇBAŞÇYLYK, Önbaşçy bolmaklyk, ýolbaşçylyk. Sowetleriň, komitetleriň öňbaşçylyk, mobilizleýjilik roly («Sowet edebiýaty» žurnaly).