SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖŇA

ÖŇB

ÖŇD

ÖŇI

ÖŇK

ÖŇL

ÖŇŇ

ÖŇR

ÖŇÜ


ÖŇÜRDIK, Atyň, eşegiň öň aýaklaryny jüp atyp, art aýaklaryny hem ýorgaladyp çapyşy. Meret ýabynyň öňürdigini ýazdyrman, bir sagatlap sürüp, ýabyny gara dere batyryp, şähere girdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).


ÖŇÜRDIKLEMEK, Öňürdigine gitmek, ýuwaş çapmak.


ÖŇÜRDIKLETMEK, Öňürdigine göýbermek, çala çapdyrmak, öňürdigine çapdyrmak. Ýaryşýanlar atlaryny öňürdikledip barýardylar.


ÖŇÜRTI, Ozaly bilen, öňi bilen, ilki bilen, ozal başda. Onda ony senden öňürti biri çişländir (B Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ol öňürti barsa, men soňundan baryp hem gördüm ( N. Pomma , Taýlak hyzzyn).


ÖŇÜRTMEK, 1. Bir zady beýlekilerden öň etmek, başgalardan öňinçä etmek. Ýetginjekler hoşlaşyp, biri-birinden öňürtjek bolup, ýerli-ýerden gepläp başladylar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Pagta planyny doldurmakda öňürtmek. 2. Öň gelmek ýa öň barmak. Ol menden öňürtdi. Ýoldaşyňdan öňürtmek.


ÖŇÜSYRA [önüsy:ra], Bir zadyň, wakanyň edil öň ýanynda, sähelçe wagt ozal, öňürti. Men ertir, gün batmazynyň öňüsyrasy pyýadalap  ýola düşeýin — diýip, Myrat ýüregindäkisni aýtdy  (B. Seýtäkow, Gyz salgydy). Ol birinji nobatda şu bäşýyllygyň öňüsyra kolhozyň boluş ýagdaýny gürrüň etdi (A. Gowşudow, ç Köpetdagyň eteginde). Rehmet Seýidow, aradan çykmazynyň  öňüsyrasynda «Bagtlylar» poemasyny ýazdy («Sowet edebiýaty» žurnaly).