SÖZLÜG ,,, W-HARPY;

WOK

WOKAL, Aýdyma degişli bolan, aýtmaklyga niýetlenen.


WOKALIZA'TSIÝA, muz. Diňe çekimli sesler bilen aýdym aýtma.


WOKALI'ZM, lingw. Çekimli sesleriň sistemasy.


WOKALI'ST, Wokal sungatyndan spetsialist, aýdymçy.


WOKZA'L, Köplenç gatnaw ýollaryndaky ýolagçylar üçin uly stantsiýalaryň jaýy.

Ony ugratmak üçin Goçmyrat bilen Çaşçy hem wokzala çykdy. Aşgabat wokzalynyň töweregi ugratmaga gelen gelin-gyz, oglan-uşak, uly adamlardan doludy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).