SÖZLÜG ,,, W-HARPY;

WOL


WOLEÝBOL, sport. Topy el bilen gözenek setkanyň üstünden geçirip oýnalýan sport oýny.

Meýdançada futbol, woleýbol oýunlaryndan başga-da sportuň dürli görnüşleri üçin bellenen ýerleri görýärsin, («Pioner» žurnaly).


WOLEIBOLÇY, Woleýbol bilen meşgullanýan adam, woleýbol oýnaýan oýunçy.


WOLNOMER, Tolkun yrgyldysynyň ýygylygyny we çaltlygyny ölçeýän gural.


WOLOSTNOÝ, Wolostь çinownigi, häkimi. Wolostnoýlar, çinownikler çykmakçy bolanda, polkownik elini daldalady. Hany Hojamyrat wolostnoý? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


WO'LOSTЬ, Rewolýupiýadan öň we soň 1929—1930-njy ýyllarda uýezd sostawyna iň kiçi administratiw birlik hökmünde giren territorial birlik.

Kantselýarçynyň hem wolostь mürzesiniň arçyny alty apbasydan gök Hytaý mawudyny alanlaryna üç ýyl boldy (N. W. Gogolь, Eserler). Ol daýhanlar obşina ýa-da şol wagtlarda at berişleri ýaly wolostь emele getiripdirler (SSSR taryhy).


WOLЬT, fiz. Elektrik togunyň güýjenmesiniň ölçeg birligi.


WOLЬTA'METR, fiz. Elektrik togunyň guýjüni onuň himiki hereketleri boýunça ölçeýän gural, esbap.


WOLЬTMETR, fiz. Elektrik zynjyrlarynyň (akymynyň) iki nokadynyň aralygyndaky güýjenme sini ölçeýän gural, esbap.


WOLЬFRA'M, Himiki element, kynlyk bilen ereýän kümüş reňkli metal.