XIX ASYR TÜRKMEN EDEBIÝATY

XIX ASYRDA TURKMENISTANYŇ YKDYSADY, SYÝASY HEM MEDENI ÝAGDAÝY

XIX asyrda Türkmsnistanyň häzirki territoriýasynda örän çylşyrymly wakalar bolup geçýär. Goňşy feodal döwletler türkmenleriň arasynda tire-taýpa oňşuksyzlyklary döredip, türkmen topragyny basyp almak syýasatyny ýöredipdirler. Progressiw pikirli adamlaryň arasynda birleşen döwlet gurmak pikiri döreýär. Bu pikir XIX asyr türkmen durmuşyna we täsirini ýetirýär.

XIX asyryň birinji ýarymynda türkmenleriň bir bölegi entek oturymly ýaşaýşa geçmän, çarwaçylyk bilen meşgullanypdyr. Türkmenleriň ikinji bölegi XIX asyryň başlaryna eýýäm oturymly ýaşaýşa geçipdirler. Oturymly ýaşaýyş ilki suwly ýerlerden başlanypdyr. Ýerden peýdalanmak düzgüni iki hili bolupdyr: sanaşyk we mülkiýa düzgüni.

Türkmen halkynyň özbaşdak döwletiniň ýoklugy onuň birleşen güýç bolmagyna päsgel beripdir. Bu ýagdaýlardan peýdalanyp Hywa hanlary, Buhara emirleri, Owgan we Eýran feodallaryň türkmenleriň üstüne çozuşlar gurap durupdyrlar.

Türkmen halkynyň köp taraply sütemlere sezewar edilmegi, halk döredijiliginde we türkmen edebiýatynyň Seýdi, Zelili, Kemine, Mollanepes, Mäteji ýaly görnükli wekilleriniň eserlerinde has-da pugta yz galdyrypdyr.

XIX asyr türkmen edebiýatyna umumy syn.

Beýik şahyr Magtymgulynyň döredijiligi XIX asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekillerine her taraply täsirini ýetiripdir. Sözleri seçip alyp, ony çeper formada örän täsirli we edebiýaty halk durmuşyna ýakynlaşdyrmak jähtden Magtymgulynyň Seýde, Zelile, Kemine, Mollanepese eden täsiri has-da gözýterlikdir.

Seýdi Magtymgulynyň watançylyk pikirlerini XIX asyr türkmen durmuşyna laýyklykda ýokary göteren bolsa, Zelili watançylyk, öwüt-nesihat häsiýetli pikirlerini ösdürýär. Kemine sotsial-mesels baradaky däbine eýerýär, "Yşk mülküniň şasy" Mollanepes Magtumgulynyň yşk-söýge degişli poeziýasyny täzeçe işleýär. Türkmenleriň özbaşdak çaphanasy bolmandyr. Şu şahyrlaryň eserlerini halk ýat tutup, biziň günlerimize ýetiripdir.

XIX asyryň ahyrky çärýeginde Türkmenistan bütinleý diýen ýaly Russiýa birikdirilýär. Bu birikmeklik başga birnäçe ýowuzly waklara sebäp bolsa-da, umuman, türkmen halkyny Eýran, Owganystan, feodallarynyň talaňçylygyndan dyndardy, Hywa we Buhara hanlyklaryndan gulçulygyň we gul satmagyň soňuna çykdy.

Bu döwürde türkmen edsbiýatynyň klassyklary Seýdiden, Kemineden, Mollanepesden, Mätejiden başga-da halkyň agyr gününe duýgudaşlyk bildirip çykyş eden şahyrlardan Myrat Talybyny, Zynharyny, Misgingylyjy, Tagan Kätibini, Dosmämmedi agzamak bolar.

Myrat Talyby (takmynan 1766-1848) özüniň ençeme liriki goşgulary hem-de "Talyby we Sahypjemal" atly poemasy bilen türkmen edebiýatynyň taryhyna giripdir. Talybynyň lirikasynyň esasy mazmuny söýgi meselesi, öwüt-nesihat we agzybirlikdir. Şahyr köp goşgularynda şol döwrüň sotsial gatlaklarynyň jemgyýetde tutýan ornuny görkezmege çalşypdyr. Onuň "Geldi garyplyk", "Ýoluk-sa", "Ýaraşmaz" goşgularyny ýatlamak blar:

Diliň çekinjeňdir, başyň baglydyr,

Ygtyýarym goldan aldy garyplyk.


Asly namart gaçsa kowap,

Barmaz ol, merdan ýoluksa.


Her kim öz pälinden asla gutulmaz,

Peşedsn pil bolmak pile ýaraşmaz.


Zynharynmň (1791-1880) edebi mirasy onlarça liriki, satiri-şygyrlardan ybarat bolup, oňa şahyrçylyk babatda beýik klasyklar gowy täsirini ýetiripdir. Zynhary özüniň şygyrlaryny dürli temalarda düzüpdir. Hakyky real dünýede oňat ýaşamaga, söýgi arkaly berk maşgala gurmaga bagyşlananlary ("Akyl-huşy ýagşy-dyr", "Sendedir"...), açgöz baý-süýthorlary, bozuk Emir-hanlary, göknar-tirýekkeşleri berk tankyt edenleri ("Ýyldan gitdi", "Nesihat etmejek ýaly", "Göknary", "Galyp baradyr", "Galan gelende") bar. Zynhary özüniň baý lirikasynda mertlik-namartlyk, edep-tertiplilik, oňat terbiýe ýaly meselelere-de aýratyn üns beripdir ("Muhannesiň eden işi gerekmsz", "Pul bolsa", "Ýigitler". Zynharynyň keşbini  gepe çeper, dili duzly,  nesihatçy,   parasatly  şahyr hökmünde suratlandyrýarlar. Ony bir şahyryň:

Ýagşy ogul, biliň köňül çagydyr,

Mysal-gözüň garasy hem agydyr,

Ýaman ogul şirin jana ýagydyr,

Boýnuň büker, billeriňe zor geler

-stirleri-de tassyk edýär.

Tagan Kätibi - XIX asyryň başlarynda, takmynan, 1803-nji ýylda eneden bolup, 1881-nji ýylda hem dünýeden öten şahyrlaryň biridir. Ol Bäherden, Gökdepe sebitlerinde ýaşap geçipdir. Şu ýerleriň peýzažyny wasp etmeklik şahyryň watançylyk goşgularynda özüniň giň beýanyny  tapypdyr. "Biziň   daglaryň"  goşgusy Köpetdagyň baýlyklaryny, haýwanat dünýesini wasp edipdir:

Mydam garlydyr başlary,

Ütegli, laçyn-guşlary,

Aýlaw şah, sary goçlary,

Bar, begler, biziň daglaryň.

Kätibi "Zülpüň", "Gelendir", "Sallana-sallana" diýen ýaly söýgi Temasynda çeper ýazylan eserleriň-de awtorydyr.

Abdysetdar Kazy - XIX asyr türkmen edebiýatynda "Jeňnama" Tekeleriň uruş kyssa kitaby" - 1862) poemasy bilen tanalýan şahyrdyr. Ol Gökdepede eneden bolup, ömrüniň soňky ýyllaryny Hywada geçiripdir. Abdysstdar Kazynyň "Jeňnamasy" Eýran şasy Nassreddiniň Türkmenistanyň üstüne eden basybalyjylykly ýörişlerini we türkmen halkynyň oňa beren gaýtawullaryny köp derejede dogry görkezýän eserdir. Poemada türkmen halkyny agzy birlige, bir bitewilige, çagyrýan pikirler Nurberdi hanyň obrazy arkaly örän täsirli beýan edilýär.

Dosmämmet (1815-1865).

Dosmämmediň döredijiliginde watançylymk, söýgi temasy we sotsial mesele uly orun tutýar. Onuň "Hyzmatkär bolar" dörtlemesinde şol döwrüň sotsial deňsizligi beýan edilýär:

Ýoksul ýigit, adyn, sana gsçilmez,

ÝA-da atan okuň daşdan ötülmez,

Juluň köne bolsa, adyň tutulmaz,

Her ýigidi serhoş eden mal bolar.

Dosmämmediň onlarça goşgulary söýgi temasyna degişlidir. Onun söýgi lirikasynda on bir bogunly setirler bilen düzülen bentler ýedi bogunly setirlerden düzülen bentler bilen-başaşa getirilýär.

XIX asyr türkmen edebiýaty bilen goňşy halklaryň edebiýatlarynyň gatnaşmklary.

XIX asyrda türkmen halkynyň medeni durmuşynda dürli täzelikler boldy. Türkmenleriň medeni aragatnaşyklary goňşy halklaryň arasynda has-da güýjedi. Biziň görnükli şahyrlarymyzyň köpüsi Hywada, Buharada, Samarkantda bilim alypdyrlar. Özbek bilen türkmenleriň edebi folklor gatnaşyklary irki döwürlerden başlanýar. Özbek akyldary Nowaýa öz ussat şahyry hökmünde garap goşgy şygyrlaryny düzýärler, ökde bagşy-sazandalar bolsa "Nowaýy heňi" diýen ýörite saz sistemasyny düzýärler. Şol döwürde ýaşaýan Garagalpak şahyry Berdak, Günhoja ýaly klassyklar Magtymgulyny özleriniň ussady hasaplapdyrlar.

XIX asyr türkmen edebiýatynyň öwrenilişi.

XIX asyr türkmen edebiýatynyň görnükli şahyrlary, olaryň döredijiligi giňden öwrenilýär. Olaryň döreden ajaýyp eserleri halk içinden toplanyp, neşir edilýär. Bu ugurdan Türkmenistan Ylymlar akademisynyň Magtymguly adyndaky Edebiýat institutynyň alymlary we respublikanyň ýokary okuw jaýlarynyň edebiýatçy professor-mugallymlar kollektiwi tarapyndan köp işler alnyp baryldy.

A.Kekilowyň "Mollanepss", R.Alyýewiň "Keminäniň ömri we döredijiligi, H.Taňryberdiýewiň "Edebiýatymyzyň gül-gunçalary" /Seýdi hakda/, K.Durdyewiň "XIX asyr we XX asyryn başyndaky türkmen edebiýatynyň taryhyndan oçerkler", Ş.Gandymowyň "Kätibiniň döredijiligi", K.Annaýewiň "Edebi tapyndylar" ýaly ylmy işleri, kitaplary bulara mysaldyr.

Bu monografiýalarda XIX asyr türkmen şahyrlarynyň hormatynyň eserleriniň tematiki, ideýa-mazmun, forma, stil, umuman, dürli çeperçilik taraplary öwrenildi we ýüze çykaryldy. Olary soňky döwrüň täzsçe talaplary-na göre öwrenmek nobatdaky wezipedir.

MÄMMETWELI  KEMINE (1770-1840)

SEÝITNAZAR-SEÝDI. (1775-1836)

GURBANDURDY - ZELILI (1780 - 1846)

MOLLANEPES (1810 - 1862)

ANNAGYLYÇ - MÄTÄJI (1822-1884)