DÖWLETMÄMMET AZADY.
ABDYLLA ŞABENDE.
MÄMMETWELI  KEMINE (1770-1840)
MOLLANEPES (1810 - 1862)
MAGTYMGULY
MAHMYT – GAÝYBY.
SEÝITNAZAR-SEÝDI. (1775-1836)
ANNAGYLYÇ - MÄTÄJI (1822-1884)
NURMUHAMMET ANDALYP (1710-1770).
ŞEÝDAÝY /1730-1790 /1800/
GURBANDURDY - ZELILI (1780 - 1846)

SEÝITNAZAR-SEÝDI. (1775-1836)

Türkmen edebiýatynyň taryhynda öz döredijiligi bilen şöhratlanan şahyrlaryň biri-de Seýitnazar Seýdidir. Türkmen halkynyň iç we daşky duşmanlaryna garşy göreşe Seýdi diňe bir döredijiligini däl, eýsem özüniň bütin ömrüni, takdyryny şoňa baglan şahyrdyr. Seýdi watançy şahyr hökmünde nesilleriň aňynda ýaşaýar.

Seýdi ärsary türkmenlerinden Habyp hojanyň ogludyr. Ol 1775-nji ýylda häzirki Garabeköwül raýonynyň Lamma obasynda eneden dogluwdyr. Ol ömrüniň KÖPUSINI Amyderýa töwereklerinde geçirýär.

Ol başlangyç bilimi öz obalarynda alýar. Sonra bolsa Hywadaky "Şirgazy" medresesinde okaýar, şol ýerde Zelili bilen dostlaşýar we dogan okaşýa. Seýdi öz döwrüniň ylmyny alan we halk deredijiliginden peýdalanan, edebi eserleri köp okamak bilen öz gözýetimini giňelden sowatly şahyr bolupdyr.

Seýdi uly maşgalada ýaşapdyr. Ol bu barada "Gal indi", "Goşa pudagym" diýen eserlerinde maglumat berýär. Seýdi Hatyja diýen gyzy halaýar we şoňa öýlenýär. Ondan dört ogul we iki gyz dünýä inýär. Ogullarynyň ählisi ýaşlykdan ýogalýar, gyzlar barada bolsa şu wagta çenli maglumat ýok.

Söýgüli aýaly Hatyja ýogalansoň, il-günüň maslahaty bilen Şemşat atly dul aýala öýlenýär. Seýdi il-günüň parahat ýaşaýşyny goramak üçin ata çykan serkerde şahyr bolupdyr. Seýdi hakykaty söýýän, batyr, gorkmazak ýolbaşçy bolupdyr.

Seýdi diýer mert ähline baş özüm,

Muhannesler bile daýym  kaş özüm.

Ýöne Buhara emiriniň ýaragy düzüw goşuny bilen bularyň oýny deň gelmeýer. Netijeds, Seýdi dagy ilki Hywa, soňra dosty Zeliliniň ýurduna göçup gitmeli bolýar.

Ömrüniň soňky demine çenli bu ýerde-de Seýdi il-günüň hyzmatyna ýarapdyr. Ol egri gylyjyny näkeslere tarap işledipdir.

Seýdi, takmynan, 1836-nji ýylda aradan çykypdyr. Onun ölümi barada halk içinde dürli rowaýatlar bar. Her halda onuň ölümi duşmana garşy ýaragly göreş bilen baglanyşyklydyr.

SEÝDINIŇ POEZIÝASY

Seýdiniň döredijilik işine haçan başlandygy belli däl. Ýöne onuň ýaşlykdan şygyr düzmäge başlandygy duýulýar. Seýdi zamanasynyň gowy däplerini goşgy setirlerine geçirip, diňe bir wagyz nesihat bermek bilen däl, eýsem olary durmuşa geçiriji hökmünde hem çykyş edýär.

Onuň döredijiliginde watançylyk, harby gahrymançylmk, sotsial deňsizlik, durmuşy, yşk söýgi. dostluk temalary orun tutýar. Seýdiniň il - ýurt, halk baradaky pikirleri öz biografiýasy bilen gös-güni baglanyşyklydyr.

1. Seýdiniň watançylyk, harby-gahrmmançmlyk temasy.

Seýdiniň döredijiliginde watançylyk, harby- gahrymançylyk temasynyň uly orunlarynyň birini eýelemegi onuň  ýaşan döwri bilen berk baglanyşyklydyr.

Seýdiniň önüp-ösen ýeri bolan Amyderýa boýunyň ilaty Buhara  emirleriniň talaňçylykly ýörişleriniň mekany bolupdyr.

Seýdi öz watandaşlarynyň azat durmuşy, ülkesiniň bähbidi üçin duşmanlara garşy eli ýaragly söweşipdir we türkmen ýigitlerini şol göreşe çagyrypdyr. Seýdi şu tema degişli "Görülsin  indi", "Goçaklar", "Baraly begler", "Baraýlyň", "Dönmenem begler",  "Lebap içre", "Gal indi" ýaly şygyrlary döredipdir.

Seýdi "Görülsin indi" şygrynda Buhara emirleriniň Amyderýa

ýakasyndaky ýaşaýan ilata görkezýän görgüleriniň indi çydamsyzdygyny we indi şeýle ýagdaýda ýaşamagyň mümkin däldigni, parahat ýaşaýyş üçin göreşe çykmalydygyny janygyp aýdýar:

Gorky ede-ede ryswamyz çykdy,

Herne kysmat bolsa, görülsin imdi!

Zalym duşman ahyr ýurdumyz ýykdy,

Köp ýatdyk, ýaranlar, turulsyn imdi!

Seýdi duşman bilen bellisini etmäge, onuň bilen arany açma-ga.onuň zulumyndan diňe güýç, söweş bilen

halas bolmaga halky çagarýar:

Agzymyz bir etsek tükel ärsary,

Duşman geçe bilmez derýadan bäri...

Şahyr bu göreşde diňe ärsarylaryň birleşmeginiň ýeterlik däldigini, ähli türkmenleri birleşdirmek maksady bilen çykyş edýär. "Baraýlyň" diýen şygrynyň ilki setirlerinde şahyr galkyndyryjy pikirler bilen halka ýüzlenýär:

Duşman geldi, Lebap boýun ot eýläp,

Turuň, begler, ol döwüşe baraýlyň!...

Sendiniň bu goşgulary ýigitlere öz güýjüne ynanmagyna, gujr-gaýratlarynyň artmagyna medet berýär, olaryň edermen bolmaklaryna itergi berýer:

Seýdi aýdan geçsem şu gün janymdan,

Lebap daşyn boýap gyzyl ganymdan,

Namart ýngit gitsin meniň ýanymdan,

Är deý durup, şol söwsşs baraýlyň.

Şahyr goşgularynda söweşds agzybnrligiň bolmagyny sňşin birinji şsrti edip goýýar. Ol egindsşlsrinpň, msrt, ugurtapmjy bolmagyny islepdir, gorkaklary, namartlary ýigrenipdir. Şonuts üçin şahyr göreldeni özündsn başlapdyr:

Seýdi çykdy atyn, ýaragyn besläp,

Gan gördi gözlerim, ýürek elesläp,

Gaçmanam öler men, köp leşger taslap,.

Söweş üçin çykdym, dönmenem begler.

Seýdi dagynyň Mirhaýdara garşy alyp baran söweşi şowsuz gutarypdyr, öz ýaşan ülkesini taşlap gitmäge mejbur edilende, şahyr "Lebap hoş imdi", "Gal imdi" ýaly ajaýyp goşgularynda aýralygyň nähili-digini täsirly beýan edýer:

Sakar ili bilen ärsary bolup

Biz gitdik, sen galdyň, Lebap hoş imdi,

Kimse aglap gitdi, kimseler gülüp,

Kimse çekip dürli azap, hoş imdi.

Seýdi watan, gahrymançylyk temadan ýazan şygrlaryny halk köçüligine düşnükli dilde, dörtleme goşgy formasynda ýazypdyr.

2. Söýgi, dostluk temasy.

Seýdi söýgi, dostluk temasynda hem bir topar liriki goşgular düzüpdir.   Olardan   "Gel,   Arzygül,   görşeli",   "Gördüm   owadan", Garagaç", Näzli han, saňa", "Habar ber, gardaşym", "Zelili" ýaly goşgulary görkezmek bolar.

Seýdiniň dostluga, yşk-söýge bagyşlap ýazan eserlerinde dünýewi durmuşy söýmek, azat söýginiň tarapyny tutmak, dostlukly gatnaşyk etmek ýaly progressiw pikirleri öňe sürüpdir. Seýdi yşk-söýge degişli goşgularynyň ençemesini Hatyja bagyşlapdyr.Seýdi "Soltan Hatyja" diýen goşgusynda öz söýgülisini" Gözeller içinde Soltan" hasaplap, şeýle diýýär:

 ...Ýanaşanda, seniň bilen deň bolmaz,

Segsen gyz, segsen müň juwan Hatyja!

Gördüm owadan" diýen goşgusynda Seýdi gelin-gyzlaryň näzenin «Syratlaryny, mähirli keşpleriniň waspyny ýetirýer:

Seýdi ynsan soýgüsini ýokary dereje göterýär, ony ýaşaýşyň hamyrmaýasy   hasaplaýar.   Adamlar  arasynda  dostluk,   gumanistik garaýyşlar Seýdiniň "Habar ber, gardaşym", "Zelilim" diýen şyyrlarynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şahyr:

 Il-gün aglar, görse meniň halyma,

Seniň üçin ser goýar men ölüme -

setirlerinde dostunyň hatyrasyna ölmege-de taýýardygyny aýan edýär. "Habar ber, gardaşym" diýen goşgyny Seýdi - aýdyşyk- sorag-jogap formasynda  düzüpdir.Iki dost biri- biriniňdünýä garaýşyny, akyl pähimini barlap görýär. Goşguda dostlukly gatnaşyk, adam-adamy hormatlamak ideýa  örän inçelik bilen yzarlanýar.

 3. Pemzaj we at, bedew temasy.

Seýdi öz dörednjiliginde Türkmenistanyň gözel tebigatyny ussatlyk bilen suratlandyryp bilen şahyrdyr. Şahyryň "Sen çölüň" diýen şygry peýzaj barada döredilen şygyrlardan özüniň çeperçiligi,  akgynlylygy  taýdan ýokarda  durýar. Seýdi  türkmen topragynyň giňdigini, meýdanlarynyň dürli ösümliklerden, mal lardan doludygyny ussatlyk bilen suratlandyrypdyr:

... Üsgünde boz maral, keýikler gezer,

Garagöz mallaryň bardyr, sen çöluň.

.

Üstünde ýaýlaýyp myrada ýetsek,

Lälezar güllerň bardyr, sen çölüň!

Seýdiniň "Üsti bedewiň" diýen goşgusy mert ýigitleriň ýoldaşlary bolan bedew atlara bagyşlanýar.Ol ökde seýis hökmünde bedewiň gylyk-häsiýetini ökdelik bilen beýan edýär:

Münende şaý bolsa tükel esbaby,

Tagty Süleýmandyr üsti bedewiň.

Şahyr bedewi ýigidi maksat-myradyna ýetirmekde uly rol oýnaýan zat hökmünde görkezýär:

Dal bedew ýigidi ýetir myrada,

Ajap hoş görkezer ýakyna, ýada,

Bilseňiz, ýaranlar, öter dünýäde,

Döwletli döwrandyr üsti bedewiň.

Seýdiniň poeziýasynyň dili, çeperçiligi, goşgy formalary

Seýdiniň  döredijiliginde  düşünmesi kyn  arap-pars sözleriniň belli bir derejede bar bolmagyna garamazdan, şahyryň şygyrlarynyň dili, esasan, düşnükli, halk dilidir. Ýöne Seýdiniň gazallary, bäşlemeleri, altylamalary agyr dilde ýazylypdyr.

Seýdiniň şygyrlarynyň köpüsi dörtleme /murapbag/ formasyndadyr. Seýdiniň dörtlemeleriniň hemmesiniň bogun sanlary deň däldir.

Seýdi  Gündogar  poeziýasynyn týug formasynda  hem goşgy düzmegi başarypdyr. Týug formasynda kapyýa deregine omonimler ulanylypdyr. Seýdi eserlerinde meňzetmeleri, deňeşdirmeleri we ene-de ençeme çeperçilik serişdelerini ýerlikli we ýeterliki ulanypdyr.

Seýdi soňky döwürde

Seýitnazar- Seýdi XIX asyr türkmen klassyky edebiýatynda watançylyk, harby-gahrymançylyk temasyny  ýokary dereje ýetiren serkerde  şahyrdyr.Şahyryň  eserlerini  ýygnamak, ony   halk arasyna ýaýratmak işleri alnyp baryldy.

Häzir onuň goşgularynyň iň gowulary Türkmenistan Ylymlar akadsmiýasynyň Magtymguly adyndaky Edebiýat institutynyň golýazmalar fondunda saklanýar. Seýdýniň goşgular ýygyndasy 1926, 1940, 1942, 1943, 1955, 1959, 1976-ýyllarda neşir edilip, halka hödürlendi.

Şahyryň eserleri rus we doganlyk halklaryň diline terjime edildi. Şahyra bagyşlanyp G.Burunow "Seýdi" dramasyny, H.Taňryberdiýew "Egilmez baş", Nazar Geldiýew "Seýdi" peýsasyny deretdiler.

Suratçy Ýarly Baýramow Seýdiniň mert, watançy obrazyny-portretini döretdi. Kompozitorlar şahyryň sözlsrine aýdymlar döretdiler.

Türkmen halky özüniň Seýdisini türkmen klassyky edebiýatynyň taryhynda harby-gahrymançylyk lirikanyň ussady diýip tanaýar.