ŞEÝDAÝY /1730-1790 /1800/
Şeýdaýy XVIII asyrda ýaşap geçen türkmen şahyrlarynyň biridir. Şeýdaýy salyryň kiçiara tiresinden, onuň hem arslan ýa-da eýke urugyndandyr. Käbir alymlaryň pikirine görä, Şeýdaýy XVII-XVIII asyrlaryň dowamynda Maňgyşlakdan göçüp gaýdyp, Saragtda ýaşapdyr. Şeýdaýy şahyryň lakamy bolup, "Şeýda" sözi "yşga düşen", "yşk ýolunda ýeldirgän" diýen manyny aňladýar. Şahyryň Hywa-da, Buharada okap, sowatly adamlaryň biri hasaplanypdyr Şeýdaýy sotsial tankydy /"Sopular", "Ahyrzaman"/, ^öwüt-nesihat häsiýetli /"Peşden aýrylsa", "Aşmasa gerek", "Bazyn tanmaz"/ yşky-liriki /"Getirdi", "Näzler bilen", "Gelin' goşgulary bilen meşhurdyr. Ol birnäçe aýdyşyk goşgularyň we "Gül-Senuber" dessanynyň awtorydyr. Onuň "Peşden aýrylsa", "Türkmen ahwaly" "Ýaranlar", "Ýigidiň", "Başdan geçer", "Perizadymyň"... goşgulary halk aýdymlaryna öwrülip gidipdir. Şahyr "Başdan geçer" goşgusyny mertlik, gahrymançylyk temada düzüpdir. Onda batyr, goç ýigitler wasp edilip, namartlar tankyt edilipdir. Goşguda gahrymançylyk ideýa dörtleme formasyn-da, ýokary çeperçilikde berlipdir. "Peşden aýrylsa" goşgusy halk köpçüligine akyl, öwüt-nesihat beriji ideýalara ýugrulypdyr. Şahyr bu goşgularda öz durmuş tejribesine esaslanypdyr. Şahyryň "Ýigidiň" goşgusy mert ýigitler barada söz açyp, mert, batyr ýigitlere begenç, guwanç görkszilýär. "Ýaranlar" goşgusy şahyryň söýgi temada ýazan iň gowy goşgularynyň biridir. Onda liriki gahryman söýgüli gyzy - Aýjemaly ýatlaýar, oňa gyzgyn söýgüsini çeper aňladýar, wasp edýär. Ony öňki aşyk - magşuklar bilen deňeşdirýär. Şahyryň döreden çeper eserleri Gündogaryň poeziýasy bilen baglanyşyklydyr. |