DÖWLETMÄMMET AZADY.
ABDYLLA ŞABENDE.
MÄMMETWELI  KEMINE (1770-1840)
MOLLANEPES (1810 - 1862)
MAGTYMGULY
MAHMYT – GAÝYBY.
SEÝITNAZAR-SEÝDI. (1775-1836)
ANNAGYLYÇ - MÄTÄJI (1822-1884)
NURMUHAMMET ANDALYP (1710-1770).
ŞEÝDAÝY /1730-1790 /1800/
GURBANDURDY - ZELILI (1780 - 1846)

ABDYLLA ŞABENDE

XVIII asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri Şabende 1720-nji ýylda Was diýen ýerde eneden bolupdyr. Şahyryň ýaşlygy Was, Köneürgenç sebitlerinde geçýär. Soň Hywada, Ahal, Gürgen töwereklerinde hem gezýär.

Şahyryň ady Abdylla bolup, Şabende edebi lakamydyr. Onuň bu lakamyny dostunyň Eýran şasyna bendi bolup düşmegi bilen baglanyşdyrýarlar.

Şabendäniň kakasyna Momi molla diýer ekenler. Ol ylymly adam bolupdyr. Öz ogluny hem düşunjeli edip ýetişdirmek maksady bilen Hywa medreseleriniň birine okuwa ýerleşdirýär. Şabende bu mümkinçiliklerden peýdalanypdyr we netijede, ökde at-şynas, belli sazanda, görnükli söz ussady bolup ýetişipdir.

Şabende dil bilimini özleşdirmäge uly üns beripdir. Şahyryň. "Şabehram", "Gül-Bilbil" ýaly dessanlary onuň goňşy halklaryň iň gowy ýadygärlikleri bilen tanyş bolandygyna güwä geçýär.

Şabendäniňdöredijiliginde türkmen bedew atlarynyň taryplanmagy, halkyň saz sungatyna uly orun berilmegi  ýöne ýerden däldir. Bu zatlaryň hemmesi şahyryň şahsyýeti bilen baglanyşyklydyr.

Şabende Meňli diýen öz obadaş gyzyna öýlenýär. Olardan dört ogul dünýe inýer. ýöne Meňliniň biwagt aradan çykmagy bu maşgala uly urgy bolýar. Şahyr Meňlä bagyşlap düzen şygyrlarynda  dünýäniň biwepalygyndan zeýrenýär. Şabende 1800-nji ýylda Wasda aradan çykýar. Maglumatlara görä onuň gubury Wasda, Aşyk Aýdyňyň gümmeziniň gapdalynda ýerleşýär.

ŞABENDÄNIŇ LIRIKASY WE"ŞABÄHRAM" DESSANY

Şabsnde türkmen klassyky edebiýatynyň ösmegine saldamly goşant goşan şahyrdyr. Onuň yşky-liriki, sotsial* öwüt-nesihat  temasyndan ýazylan ençeme goşgulary bar. Şabende "Kaýdadygy bilinmez", "Dagy bäş", "Kyrk" ýaly muammalaryň, dünýewi temada ýazylan ençeme şygyrlaryň awtorydyr.

Şabendäniň eserlerinnň agramly bölegi halkyň bähbitlerine hyzmat edipdir. Şahyr "Bolmasa", "Kim biler" ýaly goşgularynda okyja päkize ahlaklary ündeýär. Bedasyl adamlary ahlaksyzlyklaryň sebäpkäri hökmünde ýazgarýar:

Bedasyl ýigide ýetişse beglik,

Tumak baglap, hatyrasyn jem biler.

Agzybirligiň uly güýç bolup durýandygyny nygtap, şahyr öz goşgularynda halky birleşmäge çagyrýar.

"Şabehram" dessany yşki-fantastik häsiýetde ýazylan eserdir. Dessanyň asyl çeşmesi Gündogar halklaryň arasynda ýaýran Bähram Gur hakdaky rowaýatlara syrygýar. Eseriň baş gahrymany Şabehram. Onuň garşysyna adaty dol güýçler goýulýar. Şabehram döwler bilen uruşýar, periler bilen duşuşýar. Şabende şu eseriniň üsti bilen ynsan pähiminiň, paýhasynyň dabaralanmagyny gazanýar.

Şabehram "periler neslinden" bolan Balahusun diýen gyza aşyk bolýar. Söýgülisine gowuşmak üçin ol fantastik gözellikleriň, güýçleriň arasyndan geçip, maksadyna ýetýär. Dessanda hyýaly zatlar, Sülsýmanyň hasasy, telpegi, köwşi, Döwsepidiň gulana öwrülmegi, uçmagy, perileriň kepdere öwrülmegi we başgalar kömekçi serişdelere öwrülýärler.

"Şabehram" dessanynyň ähmiýeti ynsan güýjüniň ýanbermezligi, maksada okgunlylygyň hat-da adatdan daşary güýçlerden hem ýokarydygyny dabaralandyrmakdan ybaratdyr.

"GÜL-BILBIL" DESSANY, TEMASY, IDEÝA-MAZMUNY

Şabende "Gül-Bilbil" dessanyny ömrüniň soňky ýyllarynda ýazypdyr. Ol bu barada "Begler" şygrynda belläp gsçýär.

"Gül-Bilbil" dessany hem yşki-fantastik temada ýazylypdyr. Eser Turan welaýatynda Nasyr diýen patyşanyň perzentsizlikden nalamagy bilen başlanýar. Nasyr patyşanyň ogly bolýar. Eseriň girişinden başlap, awtor fantaziýa geçip ugraýar. Dessanyň baş gahrymany Bilbil ýedi ýaşynda, düýşünde Gül diýen gyza aşyk bolýar. Wakanyň soňky çözgütlerine gönüden-göni dahylly adamlar - Sala beg, Zelili, molla Galandar hakda gürrüň edilýär. Watançylyk, gahrymançylyk, dostluk, ýoldaşa wepalylyk ideýalary eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýer.

Eseriň esasy gahramanlary: Bilbil, Sala beg, Molla galandar, Zelili, Gül. Bu obrazlar arkaly öňe sürülýän ideýalar.

Dessanyň baş gahrymany Bilbildir. Şu obraz arkaly awtor söýginiň mertebesiniň belentligi, ony goramak ideýalaryny orta atýar. Şabende söýginiň äsermezlik edilmegine garşy çykýar. Onuň goragçysy hökmünde bolsa Gül bilen Bilbili orta çykarýar. Bilbilde gözelleri seçip öýlenmäge mümkinçilik bar. Ýöns Aýjemal, Aýsuluw, Gunçabi ýaly gözellere Bilbil öýlenmeýär. Ol diňe Gül diýip hereket edýär.

Güle gowuşmagyň kyndygyny görkezmek üçin, Bilbiliň garşysyna örän çylşyrymly kynçylyklar çykarylýar. Her hili synaglara duş gelip, olary ýeňip Bilbil Güle gowuşýar. "Hakyky söýgi adamlaryň arasynda parh goýmaýar" diýen pikir orta atylýar.

Gülüň obrazy dessanyň esasy ideýasynyň aýdyňlaşmagynda aýgytly rol oýnaýar. Eserde söýgi meselesiniň çözgüdiniň bir tarapy Gül bilen baglanyşyklydyr

Gül hem söýgülisi Bilbili düýşünde görýär. Ol essriň bütin dowamynda gahrymanlaryň - Bilbiliň, onuň dostlarynyň ruhy hemaýatçysy bolýar. Periler neslinden bolsa-da Gül özüni belent tutmaýar. Ol adamzat nesliniň pehim-paýhasynyň öňünde baş egýär.

Gülüň obrazy, aýal-gyzlara mynasyp bolan gowy gylyk-häsiýetleri özünde jemleýän obrazdyr.

Sala beg Bilbiliň iň ýakyn ýoldaşy. Ol dessanyň bütin dowamyn-da Bilbiliň gapdalynan aýrylmaýar. Sala begde ýoldaşa wepalylyk, mertlik, edermenlik ýaly adam ahlagynyň iň gowy häsiýetleri bar. Ol adalatyň dabaralanmagy, aşyklaryň maksatlaryna etmegi üçin janyny bermäge taýyn.

Sala beg dessandaky ähli wakalarda Bilbiliň sag goly bolup durýar. Dessanda gahrymanlaryň hereketleri umumy planda berilýär. Şonuň üçin gahrymanlaryň häsiýetlerini yzarlamak we analiz bermek aňsat düşmeýär.

Galandaryň obrazy. Galandar Bilbiliň ruhy hemaýatçysy, ýaşlyk döwründen terbiýeçisi bolýar. Onuň obrazy dessanda manyly we gyzykly obrazlaryň biridir. Galandar başdan söýgi messlesi boýunça Bilbili goldaýar. Bu bolsa onuň XVIII asyrdaky türkmen jemgyýetiniň progressiw pikirli adamsy hökmünde orta çykýar. Bilbil molla Galandara ussady, agasy hökmünde garaýar. Zeliliniň obrazy. Zelili dessanyň esasy gahrmmanlaryny biridir. Ol özüniň gelip çykyşy boýunça garyp gatlagyň wekilidir. Ol Bilbiliň ýönekeý bir hyzmatkäri. Ol öz hökümdarynyň. söýgi baradaky pikirini goldaýar. Onuň maksada ýetmegi üçin janyny gaýgyrmajakdygyny aýdýar.

Ol adamkärçiliginiň artykmaçlygy bilen dessanyň beýleki gahrymanlaryndan birjik-de pesde durmaýar we Bilbiliň sulhy alyşýan adamlarynyň biri bolýar.

Dessanyň gahrymanlarynyň üsti bilen awtor watançylyk, gahrymançylyk, dostluk ideýalaryny öňe sürýär.

Dessanyň dili. çepsrçiligi, kompozitsmýasy.

"Gül-Bilbil" dessanynyň dili XVIII asyrdaky türkmen ýazuw edebiýatynyň  beýleki   ýadygärliklerinden   tapawutlanmaýar.Onda arap-pars  sözleriniň ulanylmagyna  garamazdan, umuman, halka düşnükli. Dessan türkmen dilinde ýazylan eserdir. Ondaky goşgular formasy taýdan-da, ölçeg we çeperçilik serişdeleri taýdan-da halk diliniň baýlyklaryna esaslanýar.

Dessanyň kompozitsiýasy örän ýönekeý. Bilbil düýşünde Güle aşyk bolýar. Onuň magşugyna gowuşmagyna tarap hereket başlanýar. Bu herekete Gülüň perizat, Bilbiliň bolsa adamzat neslindsn bolma-gy päsgel berýär. Ikinjiden, Güle ýetmek üçin dürli kynçylyklar ýatyr. Şeýle päsgelçilikler Bilbiliň Güle ýetmeginde uly rol oýnaýar. Baglanyş Bilbiliň Gül gowuşmagy bilen çözülýär. Awtor Bilbili Güle ýetirmek üçin dürli fantastik ugurlary ulanýar. Bu bolsa XVIII asyryň türkmen düşünjesi, durmuşy bilen baglanyşyklydyr.

Şabende görnükli dessançy

"Gül-Bilbil", "Şabähram" ýaly dessanlary düzen Şabende çeper sözüň ussady hasaplanýar. Bu eserlsr bilen türkmen okyjylaryny adalata , päk duýgulary goramaga çagyryp gelýär.

Şabendäniň türkmen edsbiýatynyň taryhynda tutýan orny onuň XVIII asyryň ogly hökmünde öz döwri üçin örän uly ähmiýete eýe bolan çeper eserleri döredenligi bilen kesgitlenýär.