DÖWLETMÄMMET AZADY.
ABDYLLA ŞABENDE.
MÄMMETWELI  KEMINE (1770-1840)
MOLLANEPES (1810 - 1862)
MAGTYMGULY
MAHMYT – GAÝYBY.
SEÝITNAZAR-SEÝDI. (1775-1836)
ANNAGYLYÇ - MÄTÄJI (1822-1884)
NURMUHAMMET ANDALYP (1710-1770).
ŞEÝDAÝY /1730-1790 /1800/
GURBANDURDY - ZELILI (1780 - 1846)

MAHMYT – GAÝYBY

Şahyr Gaýyby XVIII asyr türkmen edebiýatnyň görnükli we özbluşly şahyry hasaplanýar. Onuň ady Mahmyt bolup, edebi lakamy Gaýybydyr. Şahyr eserlerini Gaýyby, kemine Gaýyby, Gaýyp, molla Gaýyp lakamy bilen ýazypdyr. Şahyryň doglan we ölen ýyllary köplenç takmyn bilen bellenilýär.

Gaýybynyň nirelerde okap, ylym alandygy hakda takyk maglumat ýok. Ýöne şahyryň goşgularyny okanyňda, onuň jemgyýetçilik ylymlaryny, arap, pars dillerini gowy bilendigine göz ýetirmek bolýar.

Gaýyby, esasan, ýazuw edebiýatynyň wekili bolup, eserleriniň köpüsini Gündogaryň görnükli klassyklary Nowaýynyň, Fizuliniň stilinde, aruz ölçeginde ýazypdyr, döreden şygyrlaryny kagyz ýüzüne geçiripdir.

Gaýyby aýdym aýdyp, saz çalmagy söýüpdir. Onuň bagşy-sazandalary, şahyrlary ölümden halas edişi hakynda rowaýat hem bar. Gaýyby 600 töwersgi eseri jemleýän gazallar diwanynyň hem-de "Otuz iki tohum kyssasy" atly poemanyň awtorydyr. Gaýyby liriki şahyrdyr.

Ol öz poemasynda şahyrana pikir duýgular arkaly adam-zat gözelligini wasp edip, ençeme progressiw ideýalary öňe sürüpdir. Şahyrmň döredijiliginde söýgi temasy esasy orun tutýar.

Ol bu temada ýazan eserlsrinde "Älem geda, men hem geda", "Käkilik", "Elden gider", "Gelmese uýky gijeler".../ gelin-gyz-laryň Görk-görmegini, edep-ekramyny, el hünärini, belent adamkärçiligini taryplaýar. Gaýyby sotsial motiwli /"Zaman geldi", "Sopular", "Eýýäm talh", "Jepalar eýledi', tebigat gözelligini suratlandyrýan /"Älsm gülgüzar aldy ýene" "Açdy ruhsaryň ýene", "Pasly bahar oldy' we başga temalara degişli goşgular döredipdir.

Şahyr "Otuz iki tohum kyssasy" poemasynda A allegorik obrazlar arkaly şol döwrüň jemgyýetindäki dürli sotsial toparlaryň arasyndaky gatnaşyklary suratlandyrýar. Olaryň hersiniň häsiýeti obrazlaryň üsti bilen ýüze çykarylýar. Essre gowaça, budaý jöwen künji, arpa... ýaly ösümlikler gatnaşýar.

Köp wagtlyk Jedelden soň gowaça ýolbaşçy saýlanýar. Şahyr Gündogar klasyklarynyň deplerine eýerip, öz eserlerini kitaby dilde, aruz we ş.m..ölçeglerde ýazypdyr.

Gaýyby türkmen edebiýatynyň taryhynda gazal ýazmagyň ussady hasaplanýar.