AH I, Gynanmaklygy, käýinmekligi, ökünmekligi aňladýan ümlük. Ah, nirede sen, meniň ezizim, tä ölýänçäm unudylmarsyň (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). AH [a:h] II, Ahmyr, nala. Onuň bu ahyna prokuror düşünäýmese, biz-ä düşünmedik («Tokmak» žurnaly). <> Ah çekmek nala çekmek, zarynlamak. Dünýäde näçe adam bar bolsa, olaryň her haýsy özüçe ah çekýär (M. Gorьkiý, Ene). AH-A, Dabaraly, şatlykly intonatsiýa bilen ýüz tutulanda ulanylýan ümlük. Ah-a, şeý diýseňiz-le! (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler). AHAW [aha:w], Birine ýüz tutulanda ulanylýan ümlük. Ahaw, kärdeş! Hany aşak düşsene! diýip, sag elini galgatdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). |