AHLAK [ahla:k], Moral, wyždan, düýgy, edep, tertip. Şunuň ýaly ahlagy bozuk adam terbiýeçilik işini alyp bararmy? («Tokmak» žurnaly). AHLAKSYZ [ahla:ksyz], Wyždansyz, edepsiz, bitertip. Ol hem ahlaksyz adam däl ahyry! AHLAKSYZLYK [ahla:ksyzlyk], Wyždansyzlyk, edepsizlik, tertipsizlik. Ahlaksyzlyk etmek gowy däldir. AHLAKY [ahla:ky], Adamyň içki, ruhy durmuşyna degişli bolan. Ahlaky terbiýe. AHLAMAK [a:hlamak], Ah çekmek, nala çekmek. |