AHMAL [ahma:l], Mümkin, bolsa bolar, osal. * Ahmal bolmak ätiýajy elden bermek. Her ädimde bermen aman, Ahmal bolsaň ýegsan etjek (N. Pomma, Saýlanan eserler). AHMALLYK [ahma:llyk], Bolmagy mümkinlik, bolup biljeklik, osallyk. AHMYR, ser. Arman. AHMYRLY, ser. Armanly. Ahmyrly ölümiň kime geregi bar? («Görogly» eposy). Indi, halypa, duýmadym, ahmyrly boldum diýme, najadyňy görüber! (A. Durdyew, Saýlanan eserler). |