SÖZLÜG ,,, G-HARPY;

GUR

GURAW, ser. G u r a t.


GURAWLAŞMAK, Sagalyp başlamak, ýagşylaşmak,gowulaşmak, ganymatlaşmak.


GURAWLYK, Nähoş dällik, syrkaw dällik, jany saglyk, sagatlyk, guratlyk.


GURAGYRY [gu:ra:gyry], Nerwlere zyýan ýetmegi zerarly muskullaryň we bogunlaryň agyrma keseli.Knýaginýa guragyrysyny bejerdýär (M. ÝU. Lýermontow,Bizin, zamanymyzyň gahrymany). Meni guragyry ýaman horlaýar.


GURAGYRYLY [gu.ra:gyryly], Guragyry bilen kesellän adam.


GURAK, 1. Ýagyşsyz, ýagmyrsyz, ygalsyz (ýyl we ş. m,barada). Öten ýyl meýdan gaty gurak boldy.

2. Yzgar-syz, çygsyz, nemsiz. Gurçuk tutulýan jaýdaky howanyň gaty gurak bolmagy-da maslahat býerilmeýär.


GURAKLAŞMAK, Gar, ýagyş ýagman, ygal düşmän başlamak, ot-çöp gurap başlamak. Sähradaky, klimat barha guraklaşypdyr (Gadymy dünýä taryhy).


GURAKLYK, Uzak wagtlap ygal düşmezlik, gar, ýagyş ýagmazlyk zerarly meýdanda ot-çöp gögermezlik ýagdaýy.On ýedinji ýylyň guraklygy, Garagumuň durmuşyny hem ölüm halyna getiripdi. Oňa gopgunly günler hem,Aýnanyň agyr haly hem, Tejeniň guraklygy hem täsir etmändi (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). Işiňde ýadaman, sen görkez hünär, Guraklyk ýok bolsun, suwsuzlyk gaçsyn (R. Alyew, Kommunizm ýolunda).


GURAKÇYLYK, ser. G u r a k l y k. Sudan oty ýylylygy söýýän, gurakçylyga we yssa çydamly ösümlikdir(S. Ö. Öwezmyradow, Sudan oty Türkmenistanda täze ot-iýmlik ösümlikdir). Onuň üstüne gurakçylyk bolup,oba adamlarynyň ýagdaýy has hem kynlaşypdyr (Myraly).


GURAL [gura:l]. Zat ýasamak, bejýermek, işlemek üçin ulanylýan enjam, şaý, ýarag, serişde. Brigada zýerur bolan inwentarlar, bejýergi gurallary, ulag bilen üpjün edilýär (W. Z. Raenko, Ýüpekçilik boýunça öňde baryjy tejribe). Gural işlär, el magtanar(nakyl).


GURALLANMAK [gura:llanmak], Gural edinmek, gurally bolmak.


GURALMAK, 1. Jaý we ş. m. gurluşyk desgalary salynmak, düzülmek, ýasalmak.

Garrylykdan menem boljak göýä ýaş, Taraza guralsa polatdan gatla ( N. Pomma , Saýlanan eserler). Kolhozymyzda çagalar üçin. ýasli guraldy.

2. Bir maksat üçin jemlenmek, ýola goýulmak.


GURAMA' I, Jemgyýetçilik birleşigi ýa-da döwlet edarasy. Ol heniz niýetine ýetmänke, obalarda garyplar guramasy guralaýdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).Profsoýuz guramasy. Partiýa guramasy.


GURAMA II, Dürli mata böleklerinden tikilen. Gurama kürte. Gurama köýnek.


GURAMAK I, 1. Jemgyetçilik güýçlýerini jemlemek arkaly syýasy we ş. m. guramanyň esasyny düzmek, esasyny tutmak, döretmek, bir zady, bir işi düzmek, ugrukdyrmak. Özara kömek kassasyny guramak. Şofýorçylyk kružogyny guramak.

2. Bina etmek, salmak (jaý weş. m.). Şu aňyrsyna-bärsine göz ýetmeý ;än Kislowodsk şäheriniň içindäki sanatorilýeri Sowet hökümeti kim üçin gurady? Elbetde biz üçin (N. Pomma, Sebäbini soň bildim).

3. Ýola goýmak, týertibe salmak. Eý, munuň zyýany ýok, biz işi geregiçe guramaga henizem ýetişýeris(«Sowet edebnýaty» žurnaly).


GURAMAK [gu:ramak] II, 1. Öli, çygy, nemi aýrylmak, gury bolup galmak, sarykmak. Ýuwlup serlen geýimleriň hemmesi gurapdyr.

2, gepl. d. Juda arryklamak, gaty horlanmak, iglemek. Gerek öňküsinden hem beter gurapdyr.

3. göç. m. ýok bolmak. Garyplyk gurasyn! — diýip, Musa aga oňa seretdi (M. Ibrahimow,

Ol gün geler).

4. Ösümlik dünýäsinde: ýaşaýyş protsesi kesilmek, gutarmak. solup gitmek. Şu ýyl biziň iki düýp ýerigimiz gurady.


GURAMAÇY, Köpçülige ýolbaşçylyk etmegi başarýan, ýolbaşçylyk etmäne ukyply.


GURAMAÇYLYK, Köpçülik işleri ne ýolbaşçylyk etmeklige bolan başarjaňlyk, ukyplylyk. Çingiz han özüniň guramaçylyk ukybyny görkezipdir (Orta asyrlar taryhy).


GURAMAÇYLYKLY, Guramaçylyga degişli bolan,oňat guralan týertipde. Guramaçylykly. başlanan iş gowy netije berdi («Bahar»). Guramaçylykly hereket etmek. Subbotnik guramaçylykly geçdi.


GURAMAÇYLYKLYLYK, Guramaçylykly ýagdaýda bolmaklyk. Zähmete sotsialistik garaýyş sowet adamlarynyň ýokary düşünjeli düzgün-nyzamlarynda we guramaçylyklylygynda ýüze çykýar («Sowet Türkmenis- tany» gazeti).


GURANMAK [gu:ranmak], Öl, çyg ýerleriňi guratmak.


GURAT, I. Syrkaw däl, nähoş däl, jany sag, sagdyn. Men gaty gurat, janym sag.

2. Hor däl, etli-ganly,semiz. Goýun gurat bolanda bir hepdeläp çöplýeriň ujunyň çirteni bilen oňýar («Kolhoz günleri»).

3. Gurply hojalygy bolan, kem zady ýok, barly. Olar gurat ýaşaýarlar.

4. Saz işleýän, bozulmadyk, abat. Maşynyň nähili, guratmy?


GURATLYK, 1- ser. Gurawlyk.

2. Etli-ganlylyk.

3. Bozulan ýeri ýokluk, abatlyk.


GURATMAK [gugratmak], 1. Öl, çyg ýeriňi gury etmek, gury hala öwürmek, sarykdyrmak. Pejiň başynda ýylnyp, dolaklaryňyzy guradyp bilersiňiz (H. Ysmaýylow, Powestler). Öl bolan köýnegi guratmak. Çyg çeken. ýüňi guratmak.

2. Guramagyna sebäp bolmak. Yzly-yzyna bir näçe gün epgek össe, heniz eýikmedik gowaçany guratjakdy (B. kerbabaew, Aýsoltan). Agaçlary idetmän guratmak. Ekini suwarman guratmak:

<> G u l a k etiňi guratmak — ser. G u l a k. Bular gurluşyk diýip, gulak etimi guratdylar (A. Gowşudow,Köpetdagyň eteginde).


GURAŞMAK [gugraşmak], Gurap başlamak, yzgary çekilişmek, sarygyşmak. Serlen geýimler guraşypdyr.


GURBAGA [gurba.ga], zool. Art aýaklary uzyn,suwda we gury ýerde  ýaşaýan kiçijik, guýruksyz haýwan.

Gurbagalar, aslar we ýylanlar hem uly zyýan býerip biler (W. Z. Raenko, Ýüpekçşşk boýunça öňde baryjy

tejribe). Garynja gara  günde, gurbaga saz-söhbetde(nakyl). 


GURBAN [gurba:n],  göç.m. Bir zada býerlip ýa-da bir zadyň ugrunda öz janyň goýup edilýän pida. Meni gurban bereniň üçin hiç gamgyn. bolmagyn (A. Gowşudow, Eserler).

* Gurban bolmak — bir zadyň ugrunda jan bermek, ölmek. Men Watan üçin gurban bolýan (A. Gowşudow, Mährp- Wepa). Gurban etmek — jandan we ş. m. geçmek, öldürmek. Biz özümize buýrulan işi ýerine etirmek üçin, Watan üçin başymyzy gurban etmäge geldik (A. Gowşudow, Mähri — Wepa).


GURBAT, Güýç, kuwwat, gujur. Ýüzin düşüp ýatdy, gurbat ýok onda (N. Pomma, Goşgular).


GURBATLY, Güýçli, kuwwatly, gujurly. Gurbatly gollar. Gurbatly adam.


GURBATLYLYK, Güýçlülik, kuwwatlylyk, gujurlylyk.


GURGUN, I. ser. G u r a t. Oglum, gurgunmysyň? —diýip, ejesi sorady (A. Durdyew. Saýlanan eserler).Nurjahan eje-de, Şekýerem gurgunmydyr! (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GURGUNLAŞMAK, 1. Keselden açylyşmak, ýagşylaşmak, ganymatlaşmak. Keselden soň birneme gurgunlaşdym.

2. Semräp başlamak, guratlaşmak (mal hakynda). Goýunlar birneme gurgunlaşyp başlapdyrlar.

3. göç. m. Oňat ýaşap başlamak, gurplanmak. Gowy işläp gurgunlaşmak.


GURGUNLYK, Saglyk, amanlyk. Tanyş deň-duş oglanlar gurgunlykmy?!


GURGUNÇYLYK,  ser.   G u r g u n l y k.


GURDAMAK [gu:rdamak], Malyň ýarasyna düşen gurdy aýyrmak. Goýun gurdamak.


GURDATMAK [gu:rdatmak], Malyň ýarasyna düşen gurdy birine aýyrdyrmak.


GURDAŞMAK [gu:daşmak], Malyň ýarasyna düşen gurdy aýryşmak.


GURDUKMAK [gu:rdukmak] I, Malyň ýarasyna gurtdüşmek.


GURDUKMAK [gu:dukmak] II, Gurt çozup sürini, maly zaýalamak, sürä, goýna gurt degmek, gurt  daramak, Goýun  gurdugypdyr.


GURDURMAK, 1. Saldyrmak, ýasatmak, dikdirmek(jaý we ş. m. hakda).

2. Sökülen zady täzeden ýygnatmak.


GURJAK, Adamyň, haýwanyň keşbine meňzedilip ýasalýan çaga oýnawajy. Soň bir sapar gyzyna gurjak getirdi (A. Gowşudow, Mähri — Bepa).


GURJANKEL, zool. Uzyn egri boýunly, döşi ak, gerşi gara, suwda ýaşaýan ýüzüji guş.


GURLUŞ I, Döwlet, jemgyýetçilik düzülişiň sistemasy, bellenilen syýasy düzgün, ýörelge, kada-kanun.norma. Sotsialistik gurluş.


GURLUŞ II, I. Düzüliş, ýasalyş, salnyş. Jaýyň gurluşy göwnejaý.

2. gram. Içki baglanyşyk netijesinde emele gelen sistema, düzüliş, sözlemde sözleriň baglanyş tertibi. Sözlem gurluşy. Grammatik gurluş.


GURLUŞYK, Jaý, zawod, fabrik, kärhana we ş.m. Sowet halky abatlaşyk, gurluşyk bilen meşguldyr.

( B.kerbabaew,   Aýsoltan).


GURLUŞUKÇY,   Gurluşyk  işinde  işleýän   adam.


GURMAK,  Bina etmek, salmak, dikmek. Sowet adamsy beýik suw  desgalaryny gurýar   («Sowet edebiýaty» Žurnaly).

2. Emele getirmek, düzmek, döretmek.

3. Gapan, duzak ýaly emeli usul bilen aw awlanýan gurallary aw tutmaga  taýýar edip goýmak. Tilke  gapan   gurmak.Sökülen zady täzeden jemlemek, ýygnamak, öňki görnüşine getirmek


GURNAMAK,    Bölek-büçek    zatdan  ýasamak, tikmek, dikeltmek.  Çaga kürtesini gurnamak.


GURP, 1. Güýç, kuwwat, gurbat. Haýwanam soýjak bolanyňda, öz gurbuna görä garşylyk görkezýär

(B. kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Mal, mülk, baýlyk. Göwün diýenini etmek üçin gurp gerek.

* Gurba getirmek — güýje girizmek, gaýrata galdyrmak. Aýnanyň hopugyp çykan sesi  Nurjahany gurba getirdi (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).

Gurpdan düşmek — 1) gazanjyň ýetmezçilik etmek, puldan, maldan mätäçlik çekmek, garyplaşmak. Sen gelin edinip has hem gurpdan düşensiň ( B.kerbabaew, Aýgytly ädim);

2) kesellilik zerarly ysgyndan gaçmak, nähoşlamak. Sen halys gurpdan düşüpsiň.   


GURPLANDYRMAK, 1. Birneme semretmek,, daýanlandyrmak. Myrat aga çopançylyga başlaly bäri, goýunlary gurplandyrypdyr.

2. Durmuş ýagdaýyny gowulandyrmak Pagtadan alnan bol hasyl kolhozçylary gurplandyrdy.

3. Güýç kuwwat bermek, ruhlandyrmak. Öňki - öňkülik bolsa, Gandym ätiýaç ederdi, häzirki şagalaň ony gurplandyrdy.(B. kerbabaew, Aýgytly ädim).

GURPLANMAK,  1. Ysgyna gelmek, sagadyňa çykmak. Ata aga doktora  seretdirip ugraly  bäri,

birneme gurplandy, öňki bolşy öwerlikli däldi.

2. Durmuş  ýagdaýyň ýagşylaşmak, oňatlaşmak, gowulaşmak. Bu ýyl ekin ganymat bolar, indiki ýyl gurplanarys tamasy bilen ýylyň-ýylyna garaşýardy (B. kerbabaew.Aýgytly ädim).

3. Güýçlenmek, kuwwatlanmak, ruhlanlanmak.


GURPLÜLYK, 1. Güýçlilik, kuwwatlylyk.

2. Durmuş   derejesi   gaty gowlyk,barlylyk.


GURPLY, 1. Güýçli, kuwwatly, sagdyn, daýaw. Gurply göwresine kuwwat ýetişip, Gahar, gazap bilen sözledi içgin (B. kerbabaew, Aýlar). Gurply goluň bilen gurulan bina berkleşip, öwrüldi sarsmaz bir gala (A. Kekilow, Saýlanan eserler).

2. Durmuş ýagdaýy gaty gowy, oňat ýaşaýan, barly. Ol gurply adamdy. Ol oba arasynyň daýhançylyk, mirapçylyk meselesine gatyşýardy(B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GURPSUZ, 1. Güýçsüz, kuwwatsyz, ysgynsyz. Gurpsuz göwre pyýan ýaly entedi (B. kerbabaew. Aýlar).

2. Durmuş ýagdaýy, güzýerany ýaramaz bolan, barly bolmadyk.


GURPSUZLYK, 1. Haly peslik, ysgynsyzlyk, güýçsüzlik. Ol özünde ýene gurpsuzlyk syzyp, öýe gidip gyşarmaga, dynç almaga meýil etdi (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Ýaramaz durmuşda bolmaklyk, güzýerany peslik, barly dällik.


GURRA, Pal atmagyň bir täri. Garýagdy aga ýene gurra taşlamaga başlady («Sowet edebiýaty» žurnaly).

*- Gurrasy duşmazlyk — bir işi wagty bilen ýerine ýetirmezlik, wagty bilen edip bolmazlyk.

Onda-da, meselem, olaryň gurralary duşmaz, söwda aýa çeker  (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GURRANDAZ [gurranda:z], Gurra taşlaýan, gurra atýan, palçy. Diýdilýer: — Eý hökümdar, Bir garry gurrandaz bar (A. S. Puşkin, Ertekiler). Patyşa dessine münejjemlerini, gurrandazlaryny ýygnady («Görogly»eposy).


GURRAÇY, ser. Gurrandaz. Iň soňunda patyşa gurraçylara höküm edipdir (Myraly).


GURRUK, 1. Ulanylman taşlanan guýy, gömlüp galan suwsuz çun, guýy; çukur. Günleriň birinde bir tilki çöl meýdanda çapyp ýörke, birden gurrugyň içine düşüpdir («Türkmen halk  ertekiler   ýygyndysy»).

2. göç. m. Süýdi juda az berýän, süýtsüz (sygyr hakda). Daýhany, saga-saga gurruk sygra dönderdiňiz (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GURRUMSAK, göd. s. Ýaramaz gylykly, adamkärçilik-siz, pis. Gurrumsak adam.


GURRUMSAKLYK, Ýaramaz gylyklylyk, adamkärçiliksizlik, pislik.


GURSAK, Göwräniň öň tarapynyň ýokary bölegi, kükrek, döş, peteke. Nursoltan gursagyny gaýşardyp ýöreýärdi (B. kerbabaew, Aýsoltan).

<> Gaty gursak — gysganç.


GURSAKÇA, 1. Guşaklygyndan ýokaryňy ýapýan, ýeňsiz ýyly geýim. Donuň içinden gursakça geýipdir.

 2. Aýallaryň döşüniň üstünden dakynýan bezeg şaýy. Goýdy asta tereziniň şamyna, Gursakçasyn, bilezigin, çaň-ňasyn (B. kerbabaew, Aýlar).

3. Atyň döşüne dakylýan kümüşden bezeg şaýy.


GURT I, Togalanyp guradylan süzme, gurak tokga süzme. Gurt sermek.

* G u r t   b o l m a k — gaty üşemek, sowukda gatap galmak; daş ýaly bolmak. Daşarda galan towuk agşamky aýazda gurt bolupdyr. Gurt etmek — bir zady sowup gutarmak, harçlap gutarmak, biriniň zadyny «iýmek» (almak). Eşiden bolsam, men ony gurt etmäge beýlede dursun, şol bada aşa gatyk etmeýänmi? («Sowet edebiýaty» žurnaly).


GURT [gu.rt] II, ser. Möjek 1. Gurt arkasyndan guş doýmuş (nakyl).

Gurt gören itiň agzy bir bolar (nakyl).

Gurt agzasaň, gurt geler (nakyl).

Gurt bilen goýun guda bolmaz; guda bolsa-da, goýun gülmez (nakyl).

Sürüden aýrylan goýny gurt gapar (nakyl).

At ýortuşda belli, gurt — ýyrtyşda (nakyl).

Gurtdan gorkan tokaýa girmez (nakyl).


GURT [gu:rt] III, zool. Siňegiň tohumyndan emele gelýän aýaksyz, göwresi bilen süýşýän süňksüz möjejik.Hawa, agajy gurt öz içinden iýýendir (B. kerbabaew, Aýgytly ädim). Ete gurt düşüpdir.


GURTLAMAK {gu:rtlamak], Gurt düşmek,  gurt döremek. Men hem goýunlaryň gurtlanyna seretmeli bolaryn,ýüňlýerini gyrkmaly    bolaryn, sen ony saýyp, keçe etmeli bolarsyň (A.Durdyew,  Saýlanan    eserler). Et   gurtlapdyr.  Goýun gurtlapdyr.


GURTLATMAK   [gu:rtlatmak],   Gurt düşürmek, gurtlamagyna sebäp bolmak. Yssyda eti gurtlatmak. Guzyny gurtlatmak.


GURUGANLYK [gu:ruganlyk], Ygallyk däl, çyglyk däl; batgalyk däl. Ýýeriň ýüzi guruganlyk. Ýol guruganlyk.


GURUGANÇYLYK [gu:rugançylyk], ser. G u r u g a n l y k.


GURUJY, 1. Jaý we ş. m. zat gurýan, salyjy. Gurujylar dynç alýar, Oturýarlar, gezýärler («Sowetedebiýaty» žurnaly).

2. Bir zady, işi ýola salyjy, başyny başlaýjy, ugrukdyryjy.

GURULMAK, 1. Bina edilmek, salynmak, dikilmek(jaý we ş. m. hakda). Maldarçylyk jaýlary barha köp gurulýar («Sowet Türkmenistany» gazeti).

2. Tow býerilmek, sazlanyp goýulmak, herekete getirilmek (sagat hakda).

3. Gurup goýulmak (gapan, hepbik, çirtmek we ş. m.). Tilki tutmak üçin gapan guruldy.


GURULTAÝ,  Bir näçe  obanyň,  edaranyň  we  ş.  m.wekillýeriniň ýygnagy. Söýgülim ýalpyldap    gurultaýa geljek  (N. Pomma, Saýlanan eserler). Häzir ýaş aýal-gyzlaryň gurultaýyna taýýarlyk işleri  ýaýbaňlandyryldy («Ýaş kommunist» gazeti).


GURULYK [gu:rulyk], ser.   G u r u g a n l y k.


GURUM, Oduň, tüssäniň emele gýetirýän garasy, gara ört gatlagy.    Trahoma hapa  —   gurum   bolan   ýerlerde  aňsat ýaýraýar (S. K. Karanow, Howply göz agyry kesellýeri we olaryň öňüni almagyň çäreleri). Gurum baglan kepbäniň içi jemendeden doludy   (M. ÝU. Lýermontow, Biziň zamanymyzyň   gahrymany).


GURUMLAMAK, Gurum baglamak, tüsse siňip: garalmak, gara ört bolmak. Gapböwürdäki ýabada gurumlap giden iki sany telpek asylgy, durdy (B. kerbabaew, Aýgytly ädim).


GURUNMAK, Özüň üçin jaý, küme, telär we ş. m. salmak, ýasamak, edinmek.


GURUŞMAK, 1. Gurmaga kömekleşmek, gurmaga kömek etmek, salyşmak. Zawod, fabrik guruşmak. Jaý guruşmak.

2. .Bir sebäbe görä eliňden, aýagyňdan we ş. m. ysgynsyzlyk ýüze çykyp, çümşüldi peýda bolmak, el-aýagyň we ş. m. doňan ýaly bolmak. Onuň endam-jany gurşan ýaly bolup durýardy (A. Gowşudow, Saýlanan eserler). Gylyç Gajar ogly aýazda at münüp aýagy gurşan ýaly gowadaklap, tagtanyň ýanyna geldi ( N. Pomma , Taýlak hyzzyn).

 


GURHAN [gurha:n], Musulman dinini we dogmalaryny öz içine alýan we beýan edýän dini kitap.


GURÇUK, zool. Süýnmegräk, suňksüz janda gül hem onuň-munuň halysyny dokaýardy, ýüňüni egirýärdi, gurçugyny ýarpasyna tutýardy (A. G Mähri—Wepa). Bu gurçuk däl ýa-da çekirtge däl ahyryn, bu haýwanlaryň iň zandyýaman elhenjidir. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


GURŞAW, 1.  Çelegiň,  tigriň we ş.  m. daşyna dirilýän   demir  halka.   Çelegiň  gurşawy,  gowşapdyr.

2. Daşy gabalyp alnan ýagdaý, gabaw. Gurşawda Gurşawyň içinde bolmak.


GURŞALMAK, Daş-töweregi gabalmak, daşy alynmak. Nil özüniň akymynda daglar bilen gurşalan dag

jülgäni emele getirýär (Gadymy dünýä taryh).


GURŞAMAK. Halkalaýyn daşyny  almak, daş-töweregini gabamak. Otarýar, suwarýar  hem   dökýär dökün. Onsoň  gurşap  alýar  lälezar ekin   (N.   Pomma, saýlanan  eserler).


GURŞATMAK,   Daş-töweregini  gabap aldyrmak.  Duşman  goşunynyň daşyny gurşatmak.


GURŞUK,  Bir sebäbe görä eliň ýa aýagyň doňan yaly yaly bolup,gurşup, çümşüldäp duran ýagdaýy. Elimi gurşugy aýrylyşdy.


GURŞUN.  Agymtyl çal reňkli, ýumşak, agyr himiki element. Onuň  kellesiniň  oýnam  barmak, gapdalyndan   wazlap geçen berdenkäniň gurşun okudy.(A.   Gowşudow,  Mähri—Wepa).


GURŞUNLATMAK, Gurşun bilen tutdyrmak, gurşun bilen berkitdirmek. Bidonyň deşilen ýerini gurşunlatmak.


GURY [gu:ry] I, Öl däl, öl degmedik, çygy ýok bolan,çygsyz. Agşamky gury ýel bolsa ýeriň yzgaryny has hem kepdirdi.(A. Gowşudow. Powestler we hekaýalar).


GURY [gu:ry] II,  Biderek, netijesiz, ýöne. Uňry gidip gelenim galdy.Ol diýeniňi etmez, gury aýdanyň galar.