GUÝ |
||
GUÝGUÇ, Agzy darajyk gaba suwuklyk guýmak üçin ulanylýan, düýbi çüri, agzy giň gural. Guýguç we ige ýaly ownuk zatlary Selhozsnabyň raýon bölüminde satdyrmak hakynda gürrüň gozgadyk (Tokmak žurnaly)
GUÝDURMAK, 1. Bir gapdan başga bir gabyne dökdürmek, agdartmak. Şu grafine-de bir litr süýt guýdur! 2 Metal ýergininden ýa-da palçykdan bir zat ýasatmak, bejertmek, etdirmek. Hökman derwözäni polatdan guýduraryn («Sowet edebiýaty> žurnaly) Bäş müňe golaý kýerpiç guýdurdym. GUÝLUNMAK, Towlam-towlam ýygrylmak, düýrülmek Garaja öýüň gözeneginde guýlunyp ýatan ala ganjyk. ok ýaly geldi-de, ýabynyň guýrugyndan agyz saldy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). GUÝMA', Meýdan ýerinde ýagyn suwunyň köp ýygnanýan ýeri, çöketlik ýer, kakyň uly bir görnüşi. GUÝMA: guýma gursak tebigy akylly, Doga akylly, düşbi. Guýma gursak bolmasa, durtme gursak neýlesin. (nakyl) GUÝMAK I, 1 Bir gapdan başga gaba dökmek, gapgarmak. Käsesindäki çaýy çäýnegine guýjak, bolanda daşyna dökdi (B kerbabaew, Aýgytly ädim). 2 Metal ýergininden ýa-da palçykdan bir zat ýasamak, Çoýundan kündük guýmak. Kerpiç guýmak. <> Gulagyna guýmak ser. G u l a k. Babaň aýdanyny ýadyň-da sakla! diýip, gulagyma guýdy («Mydam taýýar >gazeti). GUÝMAK II, Gowrulan una azajyk ýag, suw garylyp bişirilýän nahar. Ol ertirden bäri ýekeje çemçe guýmak iýdi. GUÝRUK, 1. Haýwanyň oňurga ujasynyň uzalyp gidýän inçe bölegi. Sygyrlar sapanly guýruklaryny bulaýlap, molaýardylar (B. kerbabaew, Aýsoltan). Sygryň guýrugynda pyçak döwme (nakyl) 2. Käbir malyň (goýnuň) türre tarapyndaky ýumşak bölegi .Guruklaryny mazaly tegelän baggoýny gördi (B. kerbabaew, Aýsoltan). 3. Her bir zadyň syrty, syrtky bölegi, yz tarapy. Kepderiniň guýrugy. <> Guyruk gapdyrmak möjek bilen urşan ite goýnuň guýrugyny iýdirmek. Möjekler bilen gemrişip, iş bitiren. itlýere bir guýruk gapdyraýyn (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). GUÝRUKMAN, Guýrugy ullakan, guýrugy uly (goýun, tilki we ş. m. hakynda). Guýrukman tilki Guýrukman goýun GUÝTAK, Guýa meňzeş tebigy oýulan ýer GUÝY, 1. Suw almak üçin ýeriň suwly gatlagyna çenli gazylan çuň çukur .Myralyny çöl içinde bir guuýa taşlapdyrlar (Myraly).Annaguly gelip, bedresini guýa sallamaga durdy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). 2 Dürli tehnikp bähbitler üçin burawlanyp gazylan çuň çukur, skwažina.Nebit guýularynyň sütünleri hatar-hatar bolup görünýär (B Pürliew, Ilknji gün). |