SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IGD

IGE

IGI


IGDE, bot. Ownujak çal ýaprakly, daşy ýukajyk gabykly miwe getirýän ullakan agaç we onuň miwesi. Suwly ýabyň gyralaryny bolsa igdedir tut agaçlary tutup otyrdy. Soňabaka tal, erik, igde, tut ýaly agaçlary äkidýärdiler (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Keseden durup seredeniňde, igde agajynyň arasynda çala görünýärdi (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Igdeleri goňşyňyz üçin getirendir öýdüp siz göwnüňize getirmäň!(«Sowet edebiýaty» žurnaly). Uly ýoluň gyrasynda bir düýp uly igde ösýär (A. Haýydow, Gök asman).

IGDELIK, Igde agajynyň köp biteň gögerip oturan ýeri. Igdeligiň içi bilen bir ýodajyk geçip gidýärdi.