SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IGD

IGE

IGI

IGL

IGLEMEK [i:glemek],  1.  Kesel zerarly horlanmak, arryklamak. Ol, jöwza günüň aşagynda solup barýan ter gül ýaly, gün-günden saralyp igleýärdi.Ylaýtý-da sary getirmek, ysgynsyzlyk, gany çüýremeç we iglelemek keselleri howpludyr (W. Z. Raenko, Ýüpekçilik boýunça öňde baryjy tejribe).

Işlän ölmez, iglän öler (nakyl). Adam gulagyndan iglär (nakyl).

2. Köp ulanylmak Zerarly könelmek, iýlip inçelmek  (metal gurallar hakda). Onuň elinde iglän pyçak bardy.


IGLETMEK [i:gletmek], 1. Kesel zerarly horlatmak, arryklatmak. Çagany kesel igledipdir. 2. Köp ulanmak zerarly köneltmek, iglemek we ş. m. zerarly inçeltmek (metal gurallar hakda). Bu pyçagy ýaman igledipdirler.


IGLI [i:gli], 1. Näsaglyk zerarly horlanaň arryklan. Munuň özüne üns berdirişi, ynjyklygy igli  çaganyňkydan hem beterräk. Bolasy, hanym, edil igli oglana dönäýipsiň-le!  (B.  Kerbabaew, Aýsoltan). Gyzzyrmanyň wagtal-wagtal gaýtalanyp tutmagynyň netijesinde çagalar hor we igli bolup, ysgynsyzlanyp ösýärler (A. Akyew, Gyzzyrma keseli we oňa garşy göreş). Onuň arkasyndaky iglije çaga ýüzüni-gözüni kürşerdip, çiňňerilip. garady (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).

2.  Köp ulanmak zerarly ýonulaň inçelen. (metal gurallar hakda).


IGLIK [i:glik], Ige degişlik, ige has bolan.


IGLILIK [i:glilik], Kesellilik zerarly arryklyk, horluk, ysgynsyzlyk.