SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IGD

IGE

IGI


IGE [i:ge], teh. Metal gurallary ýiteltmek, büdür--südür ýerlerini ýonmak, olara diş kesmek üçin ulanylýan ýüzi ownuk hem iri dişli polat esbap. Igäniň hyrt-hyrtymy? Ýok, bu-da däl. Bir hili geň ses ýakyn-dan eşidilip durdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Pili ige bilen taplady (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Onuň bejerýän zady metal, esasy zähmet guraly ige («Sowet Turkmenistany» gazeti).

IGELENMEK [i:gelenmek], Ige bilen ýiteldilmek, ige bilen ýonmak, ýylmamak. Orsgeldi aga eýwanyň aşak eteginde piliniň ýüzüniň gaýdan ýerlerini igeleýärdi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).

IGELENMEK [i:gelenmek], Ige bilen ýiteldilmek, ige bilen ýonulmak, ýylmanmak. Bu palta igelenip ýiteldilse, ýalaw ýaly bolardy.

IGELETMEK [i:geletmek], Ige bilen ýiteltdirmek, ige bilen ýondurmak, ýylmatmak. Bu pyçagy igeletmeli bolupdyr.

IGELEŞMEK [i:geleşmek], Ige bilen ýiteldişmek, ýonuşmak, ýylmaşmak, igelemäge kömekleşmek.

IGENJEŇ [i:genjen], Birsyhly igenmäge, iňirdemäge endik eden (adam). Ol örän igenjeň adamdy.

IGENJEŇLIK [i:genjeňlik], Igenmeklik häsiýeti, igenjeňiň gylygy, ýagdaýy. Ynjyklygyň, igenjeňligiň nam-nyşany ýokdy  («Sowet edebiýaty» žurnaly).

IGEN1ŞMEK, [i:genişmek], Biri-biriňe igenmek, biri-biriňe  iňirdemek. Şondan soň miraplar,Bir-birlerine igenişdiler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Bize hem indi biri-birimize igenişip oturmak gerek däl. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).

IGENMEK [i:genmek],Birinden ýa-da bir zatdan nägile bolup, igençli söz aýtmak, iňirdäp käýinmek, iňirdemek. Näme saklaýarsyň? — diýip, şofýora igendi. Heniz  Begeneje yşk eseri   ýetmedimikä? — diýip igenipdi. (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Indi Annagulň ejesi igenip başlady. Ol öýunde aýalyna igendi (A. Durdew,  Saýlanan eserler). Artyk saklanyp bilmäň Balla igendi (B. Kerbabzew, Aýgytly ädim).

IGENÇ [i:genç],    Birinden  ýa-da  bir zatdan nägile bolup edilýän iňirdi, käýinç. Bu ýagdaý onuň gulagyna ýetýän tükeniksiz iňirdiden we igençden peýda bolýardy  (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).  Ol edilýän igençlere çydamadyk ýaly ýüzüni galdyrdy(«Kolhoz günleri»). Annaberdiden oňa ne igenç, ne sögünç, ne gaýtawul bardy. Şol gözlerde: — Hojam, sen iýen nanyňy kast edýärsiň — diýen igenç görünýärdi  (B. Kerbabaew. Aýgytly ädim). Aýsoltan oňa igenç bilen garady(B. Kerbabaew, Aýsoltan).

IGENÇLI  [i:gençli], Igenç bilen iňirdili,käýinçli. Onuň igençli owazy eşidilip duran ýaly Hojamyrat wolostnoý kagyzyndan hem, arçynyň sözünden hem razy bolmaň igençli gepledi (B. Kerbabaew. Aýgytly ädim).Aýalynyň igençli sözleri onuň gulagyna degende, ol ymyzganýardy.(N. Saryhanow, Saýlnan eserler). Ussa öňki igençli pikirinden dändi. («Sowet Türkmenistany» gazeti).