SÖZLÜG ;   I- HARPY;

ITD

IT, 1. zool. Ýyrtyj sütemdirijleriň aýratyn maşgalasyndan bolan öý haýwany. Emma ol üýtgeişk gara Myrat aganyň gözi düşmezden ozal, itleriň gözi düşdi (H. Derýaew, Ykbal). Herne wagtynda ýetişeýdiň, ýogsa ol it meni gemräýjek eken (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar).

It üýrer, kerwen geçer (nakyl).

Itiň boýnuna göwher daksaň, it hem aglar, göwher hem (nakyl).

It ýüwrügin tilki söýmez, gamly kişi gülki söýmez (nakyl).

It gedaýdan gorkar, gedaý hem itden (nakyl).

It guýrugyndan garrar, eşek ýalyndan (nakyl) .

It gara görmese üýrmez (nakyl) .

It ýassanan ynjalmaz (nakyl).

2. göç. m. Nejis, haýyn. Siz, adamçylygyny ýitiren ýyrtyjylyk üçin ýallanýan bir topar aňmaz itler! (B. Kerbabaew, Aýgytly   ädim).

<> It-den çykarmak — öldürmek. Ony öten gije itden çykaran bolaýmasynlar («Sowet edebiýaty» žurnaly).

Günüňe it aglamak — çydamsyz agyr durmuş-da ýaşamak, jebir-jepada bolmak, sütem görmek. Giň älemim daralar, Alar dünýäni ümez. Itler aglar günüme, Gözüm ýaşy kepemez (B. Kerbabaew, Eserler toplumy) .

Yzyna it salmak — ser. Y z. Sögüp ýüzüny alýarlar, Yzyna-da it salýarlar («Sowet edebiýaty» žurnaly) .


ITDIRMEK I, 1. Biriniň ýa-da bir zadyň yzyndan iteletmek, güýç bilen öňe sürdürmek, süýşürtmek. 2. Batly urdurmak, itekletmek.


ITDIRMEK [i.tdirmek] II, Birini ýa-da bir zady çekdirip, öz yzy bilen äkitdirmek, idip ýöretdirmek.