SÖZLÜG ;   I- HARPY;

ITE

ITEKLEMEK, 1. Itip, iteläp öňe süýşürmek, itelemek. Ol bir eli bilen gapyny itekläp açanda, bulutdan çykan Aý ýaly Gözele ýüzi düşdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Olar ony şol ýere eltip, garaňky ýerkümäniň içine itekläp saldylar-da, gapyny daşyndan gulpladylar («Sowet edebiýaty» žurnaly).

2. göç. m. Bir işe ýa-da bir zada ündemek, ugrukdyrmak. Onuň bu söýgüsi ony dogry ýola itekledi («Sowet edebiýaty» žurnaly).

* Gününi iteklemek — güzeran-durmuşyny geçirmek, gün görmek. Güzeran görmegiň, günüňi iteklemegiň hem kän hili ýollary bolýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ITEKLENMEK. 1. Itilip, itelenip öňe süýşürilmek, batly itilip, itelenip göýberilmek, itelenmek. Arada itelenen men boldum.

2. göç. m. Bir işe ýa-da bir zada ündelmek, ugrukdyrylmak.


ITEKLETMEK, Biriniň ýa-da bir zadyň yzyndan itdirip, iteledip öňe süýşürtmek, özüňi itdirmek, iteletmek.


ITEKLEŞDIRMEK, Töweregindäki zatlary, öňüne gabat gelen zatlary itmek, itişdirmek. Halnazar töweregini itlere aldyran ýekegapan ýaly bolup, her haýsyny bir ýana itekleşdirip dyzady. Gazabyna bäs gelmän sandyraýan soldatyň biri gabadyndakylary iki baka itekleşdirip, platforma towsup çykanyny-da duýman elini papagynň etegine galdyrdy (B. Kerbabaew,. Aýgytly ädim).


ITEKLEŞMEK, 1. Bir zady itmäge, itelemäge kömekleşmek. 2. Biri-biriň bilen itişmek, iteleşmek. Bary birden öňe süýşüp, biri-birini itekleşip, köçäni daraldyp, iki arany tapyşdyrara golaý getirdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ITEK-ÇOMAK, Kynlyk bilen zordan. Itek-çomak ýazan bolýan welin ugry ýok (B. Kerbebaew, Aýgytly ädim).

ITELEMEK, ser Iteklemek. Aýsoltan bir gapyny iteledi-de: — Eje, aý eje! — diýip gygyrdy (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Nemetsiň göwresini ýere taşlap, aýagynyň burny bilen iteläp göýberdi (A. Gowşudow, Mähri — Wepa).


ITELENMIEK, ser. I t e k l e n m e k.

ITELETMEK, ser. I t e k l e t m e k.


ITELEŞDIRMEK, ser. Itekleşdirmek. Ol öňünden çykanlary iteleşdirip, Ahmedä maşyna tarap ýol açdy (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).


ITELEŞMEK, ser. I t e k l e ş m e k.


ITERMEK, I. Birini ýa-da bir zady itip göýbermek. Ol maşyny hem şol gobul ýere iteriň, üstüne keçeli eňteriň — diýip, öz adamlaryna buýruklar berdi (A. Gowşudow.Mähri—Wepa). 2. göç. m. Birini bir işe etdirmek, näme bolsaň, şol bol diýen ýaly edip ibermek.