SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KRA

KRE

KRI

KRO

KRU


KRI'ZIS, ykd. Kapitalistik hojalygynda ownuk öndürijileriň tozmagyna we işsizleriň köpelmegine, gedaýçylyga alyp barýan, wagtal wagtal gereginden artyk döwürleýin önüm öndürip çykaryş. Guduzlan it ýaly her ýan urunyp, Batypsyňyz krizisiň laýyna (Ata Salyh, Saýlanan eserler).


KRIMINALI'STIKA, ýur. Jenaýatlary derňemegiň metodikasyьy, taktikasyny öwrenýän ýuridik ylym.


KRIPTOGRA'MMA, Kriptografiýanyň bir usuly bilen ýazylan hat.


KRIPTOGRA'FIÝA, Şertli bellikler bilen ýazylan gizlin ýazgy, hat.


KRISTA L, Dogry köpgranlyk şekilindäki bir jynsdan bolan gaty jisim.


KRISTALLIZA TSIÝA, Kristala öwrülmeklik, kristal görnüşini almaklyk.


KRISTALLIK, Kristallardan ybarat bolan, kristallara has bolan. Kristallik dag jisimleri. Maddanyň  kristallik haly.


KRISTALLOGRA'FIÝA, Kristallaryň gurluşy we görnüşi hakyndaky ylym.