SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KRA

KRE

KRI

KRO

KRU


KROWA'TЬ, Dört aýagynyň arasy kese germewli, üstüne düşek ýazylyp ýatylýan öý goşy, mebelь. Ol tamlarynyň işigindäki krowatda ýatýardy (A Durdyew, Saýlanan eserler). Orazgylyç myhmanyna öz krowatyny görkezip, işden dolanyp gelýänçä, dynç almagy tabşyrdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Olar üsti ýaýli krowatь hem edinipdirler.


KROKODI'L, Tropik ýurtlaryň suwlarynda ýaşaýan süýreniji uly jandar. Derýa krokodillerden doly bolupdyr (Gýadymy dünýä taryhy).


KROS, sport. Çarkandakly, her hili päsgelçilikli ýerde geçirilýän ylgaw, ýaryş. Krosa gatnaşmak. Mototsiklet krosy. Lyžaly kros.


KROSSWORD, Kwadratlara bölünen öýjagazlara degişli harplary ýazyp, belli bir söz ýasamak üçin oýnalýan oýun—tapmaça. Çagalar, siziň köpiňiz krossword düzmegi söýýänsiňiz («Mydam taýýar» gazeti) Krosswordyň jogaby aşadakay ýaly bolmaly («Pioner» žurnaly).