SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KRA

KRE

KRI

KRO

KRU


KRE'DIT, buhg. Degerli pullary girizmek üçin buhgalteriýada bir adamyň ýa edaranyň hasaby.


KREÝSER, Çalt ýöreýän uly harby korablь. Olar kreýsýeriň, esminetsiň, suw asty gäminiň we dürli sport gaýyklarynyň modellerini ýasaýarlar («Mydam taýýar» gazeti).


KREM, 1 Gaýmaga şokolad, miwe şiresi goşulyp ýasalýan süýji goýy iýmit.

2. El, ýüze we ş m çalynýan kosmetik ýagy.


KREMATORIÝ, Krematsiýa edilýän jaý. Ýas protsessiýasy Praga krematoriýasyna ugraýar («Ýaş kommukist» gazegi).


KREMA'TSIÝA, Ýokary temperaturaly ýörite peçlerde meýit ýakmaklyk. Şol ýerde krematsiýa boldy («Ýaş kommunist» gazeti).


KREMLЬ Köne rus şäherlerinde salnan içki şäher galasy.


KRE'MNIÝ, him.  Dag jesimleriniň düzüminde bolýan himiki element.


KREPDEŞI'N, Ýokary hilli ýukajyk ýüpek mata. Bu pula bolsa iň oňat krepdeşinden köýneklik alaýyn. Ýaşyl öwüsgin berýän krepdeşine köýnegini çalasyn çagşyryp, keteni köýnegine girdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KREPOSTNOÝ, Dahanyň pomeşige büs-bütin garaşlydygyny, daýhanyň şahsiýetine, emlägine we zähmetine pomeşigiň hukugyny berkidýän feodalçylyk huku sitemasyna — krepostnoýçylyk hukuga degişli.

Feodallaryň ýerlerinde ýaşaýan krepostnoý daýhanlaryň öz zerur bolan esbaplary bilen hojalyklary bolup-dyr (SSSR taryhy) Seniň krepostnoý daýhanyň ýokdur (B Kerbabaew, Aýgytly ädim).


KREPOSTNOÝÇY, Krepostnoý düzgüniniň tarapdary.


KREPOSTNOÝÇYLYK, Daýhanlary rehimsiz ekspluatirleýän we krepostnoý hukugyna esaslanan jemgyýetçilig gurluş.

Krepostnoýçylyk hukugy ýatyrmak ugrundaky hereket giňden ýaýbaňlanýar. Täze edebiýat halk rewolýutsiýasynyň has-da dabaralanmagynda zähmetkeş halkyň krepostnoýçylyk düzgüninden hemişelik azat bolmagynda uly rolь oýnady («Sowet edebiýaty»žurnaly).


KRE'SLO, Iki tarapky tirsek goýulýan ýeri bilen arkasy birigen ýumşak uly stul, kürsi. Ol dub agjyndan edilep kreslony yza süýşürip, ýerinden galdy (B  Pürliew, Ilkinji gün). Derýaguly kreslo arkasyny berdi («Kolhoz günleri»).