SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KUL

KUR


KULA'K, Garyp-batraklary ekspluatirleýän baý. Ýer-suwlar kulaklaryň, baýlaryň ellerinden alnyp, batraklara, garyplara berildi (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Nesihatyň, wesýetiň bolmady, Çişik kulak örtenip sen, ýan-ýansaň (A. Kekilow, Saýlanan eserler).


KULAKÇYLYK, Kulaklar, baýlar. Ýurdy bütinleý kollektiwleşdirmek arkaly kulakçylyk ýok edildi.


KULINARIÝA, Nahar bişirmek hünäri. Kulinariýa bilen meşgul bolmak.


KULO'N, fiz. Elektrik toguny ölçemek birligi.


KULЬMINATSION, Kulminatsiýa has bolan, kulminatsiýa bolup hyzmat edýän. Kulminatsion punkt. Kulminatsion nokat.   Kulminatsion moment.


KULЬMINA'TSIÝA, Bir zadyň ösüşiniň, ýokary galşynyň iň ýokarky nokady, belent    derejesi.  Eseriň ösüp ýokary derejä  baran ýerine kulminatsiýa ýa-da kulminatsion nokat diýilýär (A. Kekilow, Edebiýat teoriýasy).


KLЬTIWA'TOR, oba h. Ekinleriň düýbüni ýumşadýan abzal. MTS-iň hyzmat edýän kolhozlary boýunça at kultiwatorlarynyň 70-si gowaça bejergisinde peýdalanylýar («Sowet Türkmenistany» gazeti). Traktor kultiwatory.


KULЬTIWATORLAMAK, Kultiwator bilen ýer bejermek. Gowaçalaryň hatarlaryny kulьtiwatorlamak işinden beýleki meýdan işlereiň hemmesi gol zähmeti bilen ýerine ýetirilýärdi («Sowet edebiýaty» žurnaly)-., Kulьtiwatorlamak çärelerini her kartanyň aýratynlaklaryna garap, differentsirlenen usulda geçirmeli bolýar. («Sowet Türkmenistany» gazeti).


KULЬTIWATORLANMAK,  Kulьtiwator bilen bejerilmek. Gowaçanyň hatar aralary kulьtiwatorlandy.


KULLЬTIWATORLATMAK, Ýeri kulьtiwator bilen bejertmek. Gowaçany kulьtiwatorlatmak.


KULЬTIWATORLAŞMAK, Kulьtiwatorlamaga kömekleşmek, kulьtiwator bilen ýer bejerişmek. Hatar aralaryny kulьtiwatorlaşmak.