SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KUW

KUR


KUWWAT [kuwwa:t], Güýç, gujur, zor. Kuwwatymyz artar, asla egsilmez. (Ata Salyh,    Saýlanan    eserler). Moskwa uly at, Moskwa şöhrat, Moskwa halkyma berýär güýç,, kuwwat (K. Işanow, Watan üçin).


KUWWATLANMAK [kuwwa:tlanmak], Kuwwatly bolmak,zor bolmak, gujurlanmak, güýçlenmek. Gymmatly sözler bilen kuwwatlandy  (Ata Salyh, Saýlanan eserler).


KUWWATLY [kuwwa:tly], Gujurly, zor,  güýçli. Ak guşlar kuwwatly, çyn zähmetiň   burawy. (N. Pomma, aýlanan eserler). Kolhozda kuwwatly elektrik stantsiýasy guraldy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KUWWATLYLYK [kuwwa:tlylyk], Gujurlylyk, zorluk, güýçlülik. Urartu döwleti täze eradan öňki VIII asryň ortalarynda has uly möçbere we kuwwatlylyga ýetişipdir  (SSSR  taryhy). Kuwwatlylyk,  agzybirlik bizde bar. (Ata Salyh, Saýlanan eserler).


KUWWATSYZ [kuwwa:tsyz],  Gujursyz, zor däl, güýçsüu. Kuwwatsyz adam.


KUWWATSYZLANMAK   [kuwwa:tsyzlanmak], Kuwwatdan düşmek, güýçden galmak, güýçsüzlenmek.


KUWWATSYZLYK [kuwwa:tsyzlyk], Zor dällik, güýçsüzlik, gujursyzlyk.