SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KUR


KURA'NT, Zaňly başnýa sagady. Kremlь minaralarynyň altyn kurantlary on ikini urýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KURORT, Kesel bejermek hem dynç almak üçin tebigy baýlyklary bolan ýer, ýurt. Neneň, kurort ýaraýarmy? (N. Pomma, Taýlak hyzzyn). Kurortlar gurarys Köpetdagyňda, Trolleýbus gatnar soly-sagyňda (Çary Aşyr, Poemalar).


KURORTÇY, Kurortda özüni bejerdýän, kurortda dynç alýan adam. Narzan kabul etmäge gelen kurortçylaryň bary gülüp hezil etdi. Jaňyň sesi kurortçylary ertirki bedenterbiýesine çagyrdy (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


KURS, 1. Bir ugur boýunça okuwyň bütin dowamy. Geçirilýän kurslar uly rolь oýnaýar (N. Pomma, Sebäbini soň bildim). Ol alty aýlyk möhletli açylan kursy gutardy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). 2. Ýokary okuw jaýlarynda bütin bir ýylyň dowamyndaky okuw ýa-da klas. Ikinji kursdan üçünji kursa geçen Myrat öz ýoldaşlary bilen bu toýda uly şatlykdady. («Tokmak» žurnaly). 3. Ýokary okuw jaýlarynda okadylýan bir ylmyň ýa da onuň aýratyn bir bölüminiň yzygiderli beýany. Partiýa taryhynyň kursy. Türkmen diliniň teoretik kursy.


KURSA'NT, Kursda okaýan okuwçy. Harby lybas geýip, at çapyp gelýär, Kursantlaryň batyr eskadrony («Sowet edebiýaty» žurnaly). Kursantlar okuwlaryny gutardylar.


KURSANTLYK, Kursant bolup okamaklyk. Kursantlyk döwür hem tamamlandy («Sowet Türkmenistany» gazeti).


KURSDAŞ, Bir kursda bile okaýan. Ol kursdaş ýoldaşlary bilen pikir alyşýardy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ol meniň bilen kursdaşdy.


KURSI'W, poligr. Golýazma hata meňzeş tipografiýa şrifti.


KURSO'WKA, Sanatoride däl-de, başga ýerde ýatak jaýy bilen üpjün edilip, özüňi bejertmäge we iýip--içmäge hukuk berýän kurort dokumenti. Kursowka boýunça kurortda bolmak.


KURTKA, Erkek adamlaryň geýýän gysga üstki geýimi. Nyýazmämmet elini egnindäki iş kurtkasynyň syýyna süpürdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Arkadiý Pawliçiň kurtkasy bardy (I. S. Turgenew, Awçynyň hatlaryndan).